Dark
Light
03.01.2026
asadaafa THE ASHGABAT TIMES

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek barada bildiriş

26.03.2024

Ýurdumyzyň bank edaralarynda daşary ýurtlarda okaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň okuw çykdaýjylary bilen bagly tölegleriň kabul edilmeýändigini daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine üýtgetmeleriň girizilendigi bilen düşündirilmegi baradaky meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin aşakdakylar habar berilýär:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alnan, «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80-nji buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmändigini maglumat hökmünde habar berýär.  

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sora openai 4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Golliwudyň aktýorlary işini ýitirip bilerler: režissýorlar Sora wideo generatory bilen gyzyklanýar

d687b473527a345634d7dfe617fc32f1 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Apollo robotyny Mercedes kompaniýasynyň zawodyna kömekçi hökümünde ugradyldy

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop