Dark
Light
03.01.2026
turkmenistanly kinorezissyorlar buharada magtymguly pyragy barada dokumental film surata dusurerler 1a6cik6ghe THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragy

12.03.2024

Täze döwür, täze eÿÿamlar geldi,
Seniñ arzuwlaÿan, zamanañ boldy.
Arkadagly Gahrym Serdarymyz bilen,
Äleme owazañ, doldy Pragy.

Türkmen halkyň, ruhy sarsmaz binýady,
Eserleriň, Pähim paýhas ummany.
Bu döwletiň, baky öçmez çyragy,
Başymyzyň, täji-tagty Pyragy.

Wasp edensiň şu Watany, topragy,
Sähralary, çölleri gaýa-daglary.
Arzuw edip geçdiň, ajap zamany,
Şol ajap zamanaň, geldi Pyragy.

Edep terbiýäniň, sarsmaz galasy,
Şirgazynyň, talyby hem ussady.
Döwletmämmet Azadynyň zürýady,
Peder hakyn, halallan sen Pyragy.

Höwes bilen keşt edip, gezdiň jahany,
Amala aşyrdyň, jahyl duýgyňy.
Zergärlikde maýyl etdiň, Altyn-Kümüşi,
Pähim parasatly, umman Pyragy.

Goşgularyň misli, Jemşidiň jamy,
Okanlar gana -gana, alýarlar many.
Asyrlardan-asyrlara, artýar gymmaty,
Sözlän sözleň, göwher gaşdyr Pyragy.

Berkarar döwletiň, Arkadag ogly,
Öwürýär jennete, ajap zamany.
Atlandyrdy gelen, Täze eýýamy,
Pähim paýhas ummany, Magtymguly Pyragy.

Agamyrat NURYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda…

turkmen halk matallary eqwsg4fvke THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMEN HALK MATALLARY

Soňkylar Goşgular

Täze ýyl arzuwlary

31.12.2025
Adam iki gezek gelmeýär dünýä,Ýaşalan bir ömür ýaşalsyn sünnä.Köňülde kök uran, göwünde güllänBagt bagyndan paý eçilsin bu ýyllar! Humaý guşy ganat berip perinden,Her kes

Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara

09.08.2025
Diýdiler Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara,Näz kylan bakyşlary goýar armana.Saçy uzyn, gaşy ýaý, ýüzi nurana,Gözelleriň gözeli peri diýdiler. Soradym ilden ol gözeliň ismini,Setirlerimde

Bu türkmeniň Lideri siz, Arkadag!

17.12.2024
Türkmeniň abraýyn arşa göteren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag!Gadym ýurda baky bagty getiren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag! Ýaýlasynda bagt gülleri açylan,Täleýine ykbal nury saçylan,Topragyna rysk-bereket

Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

14.10.2024
Her güni misli toý hoş habara baýAjap alamatdyr bagtyýarlykdanÝoly asudalyk, ili hoşamaýAjap alamatdyr bagtyýarlykdan Ýazlar görk berip dur bezäp Diýary.Mäkäm örklenipdir: galmak hyýaly.Sanardan kän

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

28.09.2024
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany! Hoşniýetli dost
GitTop