Dark
Light
09.01.2026
paris 2024 olympics medals THE ASHGABAT TIMES

PARIŽ-2024: OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ MEDALLARY

24.03.2024

Pariž şäherindäki tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň baş edarasynda  Olimpiýa oýunlarynyň we Paralimpiýa oýunlarynyň medallary bilen tanyşdyryldy.

1896-njy ýylda Afiny şäherinde geçirilen ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryndan bäri gowşurylan 36 müň 600 medalyň hemmesinden tapawutlylykda, 2024-nji ýyldaky oýunlaryň medallary (altyn, kümüş we bürünç) Parižiň esasy nyşany bolan Eýfel diňiniň bir bölegi bolan metalyň bir ülüşjigini özünde saklar. 

2024-nji ýyldaky oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň başlygy Toni Estange medallaryň özboluşly we gaýtalanmajak derejede bolmagy üçin şeýle karara gelnendigini düşündirýär.

Şaý-sepleri öndürmek boýunça ýöriteleşen we bütin dünýäde täsin döredijilik taslamalary bilen meşhur bolan «Chaumet» kompaniýasyna  bu pikiri durmuşa geçirmek tabşyryldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ded219e6abdf0e6848cde74fc68f595e 750x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

KÜŞT BOÝUNÇA ÝOKARY LIGANYŇ ÝEŇIJILERI

thumb translator THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Ýandeks” terjime etmekde Google-dan öňe geçdi

Soňkylar Sport

GitTop