Dark
Light
24.01.2026
oilmanipulation050215 5 THE ASHGABAT TIMES

Rasional özleşdiriş sistemasy

26.03.2024

Nebit we gaz känini özleşdirmek üçin birnäçe warianta seredilýär. Her wariant biri-birinden tapawutlanýar: guýularyň sany bilen, olaryň işe ulanmaga goýbermegiň nobaty bilen we guýularyň işleýiş düzgüni bilen.

Tebigy gatlak energiýasy nebiti çykarmak üçin ýeterlik bolmasa, gatlakdaky basyşy ýokarlandyrmak meselesi ýüze çykýar.

Her warianty nebit alyş depgini, özleşdirmäniňmöhleti we gatlagyň nebit berejilik koeffisiýenti häsiýetlendirýär. Diýmek her wariant üçin öz ykdysady (görkezijileri) häsiýetnamasy bar. Şol wariantlaryň içinden biri, iň rasional sistemasy saýlanýar.
Rasional sistemaň kriteriýasyny aşakdakylar üpjün edýär.

  1. Guýularyň özara az täsiri bolmaly.Ýerasty gidromehanikadan belli bolup dur; guýularyň arasyny daşlaşdyrsaň olaryň biri birine täsiri peselýär we olarda deň düýp basyş saklanýar her biriniň debiti ösýär. Ykdysady tarapdan guýularyň sany we çykdaýjylar azalýar. Şol wagt bolsa jemleýji debit azalmagy bilen özleşdirmäniň möhleti ösýär.
  2. Gatlagyň nebit berijilik koeffisiýenti ýokary bolmaly.Nebit berijilik koeffisiýentini maksimal etmek üçin gatlagyň nebit tutýan meýdanyny doly herekete getirmeli. Suwbatly ýa-da gazbatly gatlak düzgünlere ony üpjün edip biler. Olar bolmasa gatlaga suw ýa-da gaz basyp goýberýärler. Guýularyň sany köpelende ýa-da gatlaga täsir etmeli bolanda kapital çykdaýjynyň ösýändigini göz öňünde tutmaly.
  3. Nebitiň çykaryşyň bahasy minimal bolmaly. Her wariant üçin doly çykdaýjylary we nebitiň bahasy hasaplanýar.Kabul edilýän özleşdirme sistemasy rasional bolmak üçin ol maksatnamada görkezilen nebitiň çykarylyşyny minimal harçlary bilen we ýokary nebit öndürijilikli koeffisiýenti üpjün etmeli.

Döwran BERDIÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ta THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Russiýanyň Federal gümrük gullugy serhetdäki ýük awtoulaglarynyň barlag wagtyny 10 minuda çenli azaltjak meýilnamany tassyklady

50255304111813 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýyň ykdysadyýet we ösüş ministrligi soňky 15 ýylyň depginleri barada habar berdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop