Dark
Light
10.01.2026
101023 013 THE ASHGABAT TIMES

Sement önümçiliginiň taryhyndan

17.03.2024

Sement önümçiligi senagaty gurluşyk materiallarynyň içinde öňdebaryjy pudaklaryň biridir. Sementiň  portland sementi, şlak portland sementi, ýörite sementler (bezeg, laýly, alýumin, sulfata çydamly, gidrawliki desgalar üçin sement, çalt gataýan sement we ş.m.) görnüşleri öndürilýär.  Sement halk hojalygynda esasy material bolmak bilen, köplenç beton, demirbeton öndürmekde, garyndy taýýarlamakda, asbest-sement önümçiliginde, nebit çykarmak we beýleki pudaklarda giňden ulanylýar.

1796-njy ýylda milleti boýunça iňlis bolan Parker palçyk we hek garyndysyny ýakyp, taryhda ilkinji sement markasy bolan Romancementi öndürdi.

Ýegor Gerasimowiç Çeliýew häzirki zaman sementini oýlap tapyjysy hasaplanylýar. Ol 1822-nji ýylda hek bilen palçygy garyp, ýene-de käbir goşundylary goşup täze material alýar.

1824-nji ýylda Iňlis daş ussasy Jozef Aspdin öz aşhanasynda döreden “Emeli daş öndürmegiň kämilleşdirilen usuly” üçin patent aldy.

Taýýar sementiň himiki formulasy aşakdakylar: 67% kalsiý oksidi (CaO), 22% kremniniň dioksidi (SiO2), 5% alýumin oksidi (Al2O3), 3% demir oksidi (Fe2O3) we 3% beýleki düzüjiler.

Ilkinji sement şereketi 1842-nji ýylda Angliýada Jozef Aspdin tarapyndan döredilen “Portland sement kompaniýasy” hasaplanýar.

Russiýada Portland sementini öndürýän ilkinji zawod 1839-njy ýylda Sankt-Peterburgda guruldy.

Ýurdumyzyň sement senagatdaky ilkinji kärhanasy-Keletedäki (Büzmeýin) sement zawody 2000-nji ýylda işe girizildi. Taslama kuwwaty ýylda 686,31 müň tonna.

Soňra Bäherden sement zawody 2005-nji ýylda işe girizildi.

2011-nji ýylda Balkan sement zawody işe başlady. Taslama kuwwaty ýylda 1 mln tonna.

2013-nji ýylda Köýtendagdaky Lebap sement zawody işe başlady. Taslama kuwwaty ýylda 1 mln tonna. Bu zawod 2023-nji ýylda eýýäm 1,1 mln tonna sement öndürdi.

2024-nji ýylyň 13-nji martynda Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry işe başlady.

Aziza JORAÝEWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň 29-njy
orta mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry ulanyşa goýberildi

logo 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti bu gün sergide

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop