2654 THE ASHGABAT TIMES

Taryhdaky iň uzyn otly

02.03.2024

2001-nji ýylyň iýun aýynda Awstraliýada dünýä rekordyny goýan BHP Billiton otlusy hasaplanýar. Otlynyň uzynlygy 7353 metr bolup, onyň uzynlygy boýunça paýlanan 682 wagondan we 8 dizel lokomotiwinden ybarat bolupdyr.

Bäş wagonly otly bilen dünýäniň iň kiçi demir ýol menzili Nýu Jersi ştatynyň ýaşaýjysy höwesjeň Dewid Smit tarapyndan döredildi. Otly hakyky otlydan 35200 esse kiçidir. We kiçijik tunelden geçýän halkalaýyn “demir ýol” boýunça hereket edip bilýär.

Ýokary tizlikli ýolagçy otlylary sagatda 141-200 km aralygynda rugsat berilýän tizlik bilen azyndan 91 km / sag tizlige eýe bolmalydyr.  “InterCity 125” 1987-nji ýylyň 1-nji noýabrynda sagatda 238 km tizlik bilen ýolagçy gatnadýan dizel ýangyçly otlylary üçin dünýä rekordyny täzeledi.

Häzirki wagtda Hytaýda aşakdaky otlylar işleýär: CR Fuxing – sagatda 350 km, CR Harmony – 350 km / sag, şeýle hem demir ýoluň esasy ýyldyzy Şanhaý Maglew – sagatda 460 km. Bu otly magnit liniýasy boýunça hereket edýär we häzirki wagtda dünýäde tizlik rekordyny saklaýar.

Dünýädäki iň haýal bug lokomotiwi, sagatda 8-10 km tizlik bilen hereket edip, 120 ýyl ozal gurlan Ýewropanyň iň köne dişli demirýolunda – Awstriýada aýlanýar.

Moskwa – Wladiwostok (Russiýa) aralygyndaky otly iň uzak ýöreýän gatnaw hasaplanylýar. Syýahat wagty: 144 sagat 10 minut ( 6 gije-gündizden gowrak wagt). Uzynlygy: 9288 km.

Ýaponiýanyň “Şiki-Şima” otlusy dünýädäki iň gymmat we kaşaň otly hasaplanýar. Bu bir wagtyň özünde 34-den köp ýolagçy gatnadyp bilmeýän 10 wagondan ybarat syýahat otlusydyr. Şiki-Şima terjime edilende “dört paslyň adasy” diýmekdir.

Mamajan HEMRAÝEWA
Lebap welaýatynyñ Çärjew etrabynyñ
3-nji çagalar bagynyñ terbiýeçisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
qwe THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Fulbraýt maksatnamasyna tabşyrmagyň wagty geldi!

f45ba1f7d066a9579ac6512167870765 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Antoniu Guterrişiň açylyş dabarasynda ýüzlenmesi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop