Dark
Light
04.01.2026
3fb8c47c b641 4313 8b5d e4f2e133d00f THE ASHGABAT TIMES

Terjime usuly

23.03.2024

Bu usulyň adyndan mälim bolşy ýaly, daşary ýurt dilindäki material ene diline terjime edilýär. Ýewropada, ilki bilen grek dili, soňra latyn dili öwredilende terjimäni düşünmegiň usuly hökmünde ulanylypdyr. XVIII asyryň ikinji ýarymynda hem-de XIX asyryň dowamynda fransuz dili, XX asyrda iňlis we nemes dilleri terjime arkaly öwredilýär.

Bu usul, esasan, iki görnüşli bolup, “grammatika – terjime” we “tekst-terjime” ugurlary boýunça daşary ýurt dilini öwretmekde giňden peýdalanylypdyr. Birinji ugruň tarapdarlary sözüň we sözlemiň terjimesini grammatik kadalary öwretmek bilen birlikde, alyp barypdyrlar. Ikinji ugruň wekilleri teksti okatmakda we onuň mazmunyna düşünmekde terjimeden peýdalanypdyrlar.

Terjime usulynyň iki ugur arkaly öwredilmeginiň hem baş wezipesi okatmagyň maksady bilen aýrylmaz bagly bolupdyr. Daşary ýurt dili reseptiw şekilde öwredilipdir. Daşary ýurt dillerini okatmagyň usullary lingwistikanyň hem-de psihologiýanyň şol döwürde gazanan ylmy esaslaryna daýanmak arkaly işlenip düzülipdir.

Maral HALDURDYÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

orig THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Älemgoşar nähili tebigy hadysa?

120124 018 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öwüt nesihat barada

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop