210324 020 THE ASHGABAT TIMES

Türkmeniň Milli bahar baýramy – Nowruz güni ulydan bellenilýär

21.03.2024

Türkmen halky Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däp-dessurlarymyz häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.

210324 010 THE ASHGABAT TIMES210324 011 THE ASHGABAT TIMES
210324 012 THE ASHGABAT TIMES210324 013 THE ASHGABAT TIMES

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň we medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny we abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga hem-de döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejesinde bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

210324 019 THE ASHGABAT TIMES
210324 018 THE ASHGABAT TIMES

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlar giňden berjaý edilipdir. Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär. Nowruz baýramy ynsan kalbynda ýagşy häsiýetleri we hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, tebigata, durmuşa, parahatçylyga söýgi döredýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Intel çip zawodlaryny gurmak üçin 8,5 milliard dollar alar

home alone macaulay culkin kevin mccallister boy fear shout fright 1985744573 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alymlar gorkyny basmagyň ýoluny tapdylar

Soňkylar Habar

Культурный челлендж от Посольства Туркменистана в Бельгии: мир и доверие в каждом слове

31.01.2025
В честь празднования 2025 года, объявленного Международным годом мира и доверия, а также знаменательного 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана, Посольство Туркменистана в Бельгии организовало уникальную
GitTop