Dark
Light
25.01.2026
10 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda gowaça ekilşigi dabaraly ýagdaýda geçirildi

21.03.2024

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler

07 THE ASHGABAT TIMES

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän esasy pudaklaryň biridir. Maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy ylmy çözgütleriň we innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň höweslendirilmegi bu pudagy ösdürmegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.

02 THE ASHGABAT TIMES

Obasenagat toplumynda ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip gurmagyň hasabyna «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

07 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda Tbiliside Nowruz baýramçylygy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Intel çip zawodlaryny gurmak üçin 8,5 milliard dollar alar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop