Türkmenistanda täze okuw ýylynyň 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat beriler

25.03.2024

Eziz Diýarymyzda 2024-2025-nji okuw ýylynyň 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat beriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda sowgat beriljek «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň nusgalary taýýarlanylyp, degişli ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky özgertmeleri üstünlikli dowam etmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2024–2025-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi / Türkmenistanyň bilim ministrligi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:38 am, Sep 20, 2024
temperature icon 20°C
небольшая облачность
Humidity 42 %
Pressure 1018 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Binalaryň klassifikasiýasy

Next Story

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi binasy gurlar

Soňkylar Habar

GitTop