Dark
Light
25.01.2026
3d 1 THE ASHGABAT TIMES

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi binasy gurlar

25.03.2024

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglary, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny we uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdançadaky desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary hem-de awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ulag we kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

240324 008 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat beriler

203624760 a hydrogen fuel cell train stands at the station generative ai THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýda wodorod ýangyjy bilen işleýän ilkinji otlynyň synaglary tamamlandy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop