cover r4x3w1200 5f3e58582209b e16ed418ad9ca51c7014c312d0da9672d0464690 jpg THE ASHGABAT TIMES

UEFA çempionlar ligasynyň geçiriliş tertibi üýtgedi

24.03.2024

Futbolyň dünýäde iň üstünlikli we meşhur sport görnüşleriniň biri bolmagynyň sebäpleri bar. Ol duranok, ol hemişe ösüşde. Ýewropa çempionlarynyň kubogy diýlip atlandyrylýan ilkinji ýaryşyň 1955-nji ýylda geçirilip başlaly bäri, Ýewropanyň futbol assosasiýasy futbolyň, hususan-da UEFA Çempionlar ligasynyň üýtgemegi bilen bagly işleri yzygiderli dowam etdirdi we uýgunlaşdyrdy.

Toparlaryň (Klublaryň), oýunçylaryň we janköýerleriň 2024/25 möwsüminiň täze formatyndan hoşal bolmagyny üpjün etmek üçin UEFA Ýewropa futbol jemgyýetiniň esasy agzalary bilen giňişleýin geňeşler geçirdi. Iň soňky nusga, saýlama oýunlaryň shemasy we Ýewropa kubogynyň senenamasy UEFA-nyň 2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde täze bäsdeşlik ulgamyny girizmek karary esasynda 2022-nji ýylyň 10-njy maýynda tassyklandy.
Häzirki wagtda toparçalaýyn tapgyra hersi dört agzadan ybarat bolan sekiz topara bölünen 32 topar agzalary gatnaşýar. 2024/25 möwsüminden 36 klub Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda (öňki toparça tapgyry) bäsleşer. Netijede, ýene dört topara Ýewropanyň iň gowy toparlary bilen bäsleşmäge mümkinçilik beriler.
Täze nusgada toparlar umumy tapgyrda (öňki toparçadaky oýunlarda) sekiz oýun oýnarlar. Mundan beýläk her topar öýde we myhmançylykda üç garşydaş bilen jemi 6 oýun oýnamaz. Munuň ýerine, her futbol topary sekiz dürli topara garşy sekiz oýun oýnar – öýde dört we myhmançylykda dört oýun. Sekiz garşydaşyny kesgitlemek üçin toparlar ilki dört sebede bölünerler. Soňra her topar bije netijesinde her sebetden iki garşydaş alar we her sebediň toparlary bilen bir oýun öýde we bir oýun myhmançylykdada oýnar.

Umumy tapgyrdan ilkinji sekiz topar göni 1/8 finala çykar. 9-dan 24-e çenli ýer alanlar, ilkinji sekizlige goşulmak hukugy üçin goşa pleý-off oýunlaryny oýnarlar. 25-nji ýa-da ondan pes derejeli toparlar UEFA Ýewropa ligasynda ýaryşlaryny dowam etdirmezden möwsümi tamamlar.
Täze tertip boýunça ähli toparlaryň bir ýaryş tablisasynda bolmaklygy, umumy tapgyrda ähli gatnaşyjylar üçin höwes döretmäge kömek eder. Pleý-off oýnunda esasy tapgyrda 9-16-njy orny eýelänler saýlanan hasaplanar we 17-den 24-nji orunda durýan toparlaryň haýsy hem bolsa biri bilen oýnar. Saýlanan toparlar jogap pleý-off oýnuny öýünde oýnar.

Pleý-off oýunlarynyň sekiz ýeňijisi 1/8 finala çykar, şol ýerde umumy tapgyrdaky iň gowy 8 toparyň birini oýnar.
1/8 finaldan başlap, ýaryş häzirki nusga laýyklykda oýnalar. Final bir oýundan ybarat bolar we UEFA öňünden saýlajak bitarap stadionynda geçiriler.

Resul SAHATOW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:21 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 5°C
пасмурно
Humidity 82 %
Pressure 1023 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 3 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
120124 018 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öwüt nesihat barada

800px asphalt base THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Asfalt materialy barada

Soňkylar Sport

Sport – saglygyň daýanjy

17.02.2025
Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak barha meşhurlyk gazanýar. Şol bir wagtyň özünde, ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany bolan sport beýleki jemgyýetçilik özgertmeleri üçin hereketlendiriji güýç bolup
Barselona Super kubogyň eýesi

Barselona Super kubogyň eýesi

13.01.2025
2025-nji ýylyň Ispaniýanyň Super Kubogynda Real Madrid we Barselona toparlary duşuşdy. Bu duşuşyk 12-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki King Abdullah Sports City stadionynda
Сборная Туркменистана по хоккею примет участие в зимних Азиатских играх.

Türkmenistan gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşar

23.12.2024
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşar. Ýaryşlar 2025-nji ýylyň fewral aýynda Hytaýyň Harbin şäherinde başlar. Türkmen topary “C” toparyna düşdi. Onuň ilkinji garşydaşy
GitTop