Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Aeroport hakynda

02.04.2024

Jemgyýetçilik jaýlarynyň içinde aýratyn orun eýeleýänleriniň biri hem aeroportlardyr. 

Häzirki wagtda dünýäniň iň gadymy gury ýer aeroporty 1921 – nji ýylda açylan Kýoninsbergiň Dewau aeroporty hasaplanylýar. 

Mundan başga-da gidroaereportlar hem bar. Onda gidro – uçarlar üçin uçuş gonuş meýdançasyna derek kölleriň, derýalaryň suw üsti hyzmat edýär. Uçarlaryň tigirlerine derek suwa gonuş gurluşlary bolýar. 

Halkara aeroport – bu halkara ýükleri we ýolagçylary daşaýan uçarlary kabul edýän, olary ugradýan, öz gezeginde serhet we gümrük gözegçiligi üpjün edilen aeroportlardyr. 

Aeroportlaryň klaslary gatnadylýan ýolagçylaryň ( gelýän, gidýän hem-de üstaşyr geçirilýän) ýyllyk göwrümi bilen häsiýetlendirilýär. Ýolagçylaryň ýyllyk göwrümi esasynda aeroportlar aşakdaky klaslara bölünýär

1- nji Klasly aeroportlar ýylda 10 mln-dan 7 mln-a çenli ýolagçylary gatnadýar. 

2 – nji Klasly aeroportlar ýylda 7 mln-dan 4 mln-a çenli ýolagçylary gatnadýar.

3 – nji Klasly aeroportlar ýylda 4 mln-dan 2 mln-a çenli ýolagçylary gatnadýar.

4 – nji Klasly aeroportlar ýylda 2 mln-dan 0,5 mln-a çenli ýolagçylary gatnadýar.

5 – nji Klasly aeroportlar ýylda 100 müňden  500 müňe çenli ýolagçylary gatnadýar.

Ýylda 10 mln-dan köp ýolagçylary gatnadýan aeroportlar klasdan daşary aeroportlar hasaplanylýar. Ýylda 100 müňden az ýolagçylary gatnadýan aeroportlar klasa degişli hasap edilýär. 

Häzirki wagtda ABŞ-da 14000-den gowrak aeroport bolup, ýurtdaky aereportyň sany boýunça görnetin beýlekilerden tapawutlydyr. Olaryň 1300 deň gowragy ýolagçylar üçin niýetlenendir.

Ýolagçy akymy boýunça dünýäde iň iri aereport Hytaýyň Guançjau Baýýun aereporty bilen Amerikanyň birleşen ştatlarynyň Hartswild-Jekson aereporty hasaplanýar.

Aýhan JUMAGULYÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

safsacas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Diplomatic World» halkara žurnaly türkmen kompaniýalary üçin aýratyn işewürlik katalogyny işe girizýär

14a7d40b 8958 4cdf 9187 3ab18787fb25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýäniň iň uly Baýdak sütünleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop