Dark
Light
28.01.2026
kirt0po6y9afcmiium1gp24tiidkl8mnlx10yz5g07uvqm8vpxgcx13stlkd e1639035784501 THE ASHGABAT TIMES

Agrosenagat toplumynyň esasy maksady, maksadynyň ugry hem-de starategiýasynyň ýaýraýşynyň meselesi

21.04.2024

Agrosenagat toplumynyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetiniň köpfunksiýaly bölegi (sektory) bolup, ol ýurdyň ilatyny ýokary hilli watanymyzda öndürilen iýmit bilen üpjün etmek, oba hojalyk iýmit önüminiň eksportyny artdyrmak, oba ilatynyň girdejisini artdyrmak üçin şertleri döretmek, obalaryň durnukly ösüşini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Munuň starategiýasynda agrar bölegiň ösüşi iki düýp binýat (fundamental) faktorlaryň täsiri astynda bolup geçýänligi hasaba alynýar we olar:

1.      Bazar mehanizmleriniň peýdalanylyşy, netijeli we bäsdeşlige ukyply önüm öndürijileriň emele gelişi;

2. Ýer işleri bilen baglanşykly bolan şeýle-de pudagyň innawasion ösüşi, kämilleşişi, önümçiligiň ekologiýasy, oba hojalyk önüm öndürijileriniň möhüm netijesi bolan girdejililiginiň artmagy, agroönümçilik bazarynyň sazlanylyşy we daşary ykdysady ösüş, oba ilatynyň sosial ýagdaýyny ýokarlandyrmak bilen bagly bolan birnäçe meselele toplumlaryny çözmek üçin döwlet agrar we agrotehnologiki syýasatynyň kämilleşişi ýaly meselelerden ybarat bolup durýar.

Ýurdyň funksiýalaşdyrylan agrosenagat toplumynyň starategiki maksadynyň hili hökmünde şu aşakdakylara öňünden seredýärler:

Ýurduň azyk howpsuzlygy Doktrinasyna görä ýurdyň içki bazaryny Watanymyzda öndürilen oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek, munuň üçin biziň ýurdumyzda oňaýly şertler bardyr, şeýle-de ýurduň hemme raýatlarynyň sagdyn durmuşyny üpjün ediji doly iýmit düzümli iýmitleri öndürilmek. Tebigy şertleri hasaba almak bilen biziň ýurdumyz dünýäde diňe bir däne däl, eýsäm beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem bellidir. Şeýle-de oba ilatynyň oňaýly durmuş şertleri, ýaşaýyş jaý şertleri, kommunal hyzmatlary, girdejisiniň ýokary ölçegi, ýol-gatnaw şertleri, elýeterli saglygy goraýyş şertleri, milli medeniýeti, sport üçin şertler, bulardan başgada milletiň genofondynyň fiziki hem-de ruhy sagdynlygy üçin şertler döredilmeli; agrosenagat toplumynyň ösüşiniň innowasion modeline geçilip kämilleşmegi üçin, ylmyň we tehnikanyň häzirkizaman gazananlaryny çalt ornatmaly, bu bolsa zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, önümiň öndürilişi üçin resurslaryň azalmasyna, milli we dünýä bazarynda önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny we ýeterlik giň derejede önüm öndürmek üçin oba hojalyk önüm öndürijileriniň girdejililik derejesini üpjün etmeli. Agrosenagat önümçiliginiň ekologiýasy üçin oba hojalygynyň tebigy tapawudyny gowulandyrmaly, ýer gullugyny dikeltmeli, toprak resurslaryny ýerlikli peýdalanmaly, ekologiki taýdan howpsuz önüm öndürmeli. Bu maksat edilen ýagdaýlar starategiýanyň esasyny düzýär we uzakmöhletleýin häsiýeti özünde saklaýar. Bellenilen maksadyň çäreleriniň çözgüdi boýunça olar has takyklaşyp bilerler we täzeleri bilen üstleri hem dolup biler.

Gadam KAZAKOW
Türkmen oba hojalyk instituty
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1 1983234 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýegor Krid Elon Muskyň kompaniýasyndan Tesla Cybertruck satyn alar

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kiberhowpsuzlygyň tehnologiki we ulgam meseleleri

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop