Dark
Light
03.01.2026
thumbs b c 0b9b45f3d45634048562e512184a8bd6 THE ASHGABAT TIMES

Aral meselesi bilen göreşmek baradaky alnyp barylýan çäreler

29.04.2024

Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýurt derejesinde giňden durmuşa ornaşdyrýan döwletimiziň syýasy durmuşynyň häzirki tapgyrynda suw, energiýa we ulag diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutýan wezipeleriniň hataryndadyr. Çünki ekologiýanyň, suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagyna hem-de peýdalanylmagyna degişli meseleleriň sazlaşykly çözülmegi halkara gün tertibiniň gaýragoýulmasyz hem-de derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar.
Bu ugurda döwletimiziň içerki kanunçylygy hem suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy arkaly, ýurdumyzda suw ulgamynda howpsuzlygyň döredilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, türkmen halky üçin oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak esasy maksatlar hökmünde kesgitlendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Aral deňzini halas etmek meselesi sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynda örän möhüm mesele bolup durýar. Araly halas etmek meselesine eýýäm köp wagtdan bäri diňe içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Häzirki wagtda bu meseläniň üstünlikli çözülmegi üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze maksada gönükdirilen, toplumlaýyn halkara çemeleşilmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy talap edilýär» diýip nygtamak bilen, Aral meselesini çözmekde halkara tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Hakykatdan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynda «XXI asyryň ekologiýa heläkçiligi» diýip atlandyrylýan Aral meselesi uly ähmiýete eýedir. Sebitiň aglaba ýurtlaryna öz täsirini ýetirýän Aral heläkçiligi häzirki wagtda bütin adamzady tolgundyrýan meseleleriň hataryna girýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini dolandyrmak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak bilen bagly derwaýys meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça anyk we netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Suw diplomatiýasy ugry boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleri Araldaky kynçylykly ýagdaýyň netijelerine garşy göreşmäge hem-de Aralýaka sebitinde ekologiýa ulgamynyň heläkçiliginiň öňüni almaga, bioköpdürlüligi aýawly saklamaga we tebigy serişdeleri durnukly ulanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada öňe sürýän teklipdir başlangyçlary hem hut şu maksatlardan ugur alýar. Çünki biziň ýurdumyz suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr, ekologiýanyň arassalygy, arassa içimlik suwuň elýeterli bolmagynyň adalatly şertleri bolsa her bir adamyň esasy hukugydyr diýen ýörelgä yzygiderli eýerýär.

Şemşat GELDIÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

obzhig kirpicha 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kerpiji ýakma prosesi

151 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beton we demirbeton işlerinde

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop