Dark
Light
03.01.2026
13052022 wystawkakonstitusiya THE ASHGABAT TIMES

Döwlet baýdagy we  milli Konstitusiýa ýurt berkararlygymyzyň goşa ganaty

29.04.2024

Ýurt asudalygy – uly bagt, bagtyýarlyk.  Asuda ýurtda raýatlar il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri amala aşyrmagyň hatyrasyna zähmet çekýär. Olaryň zähmetiniň we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hemmesi, gürrüňsiz, ýurduň asudalygyna berk baglydyr.  Asuda döwletiň asudalygynyň hukuk binýady bolsa kämil kanunlardyr. Kämil kanunlaryň we kanuny ýörelgeleriň hem ählisi kämil Konstitusiýadan gözbaş alýar.  Konstitusion ýörelgelerden gözbaş alýan kanuny ýörelgeleriň dogry we  ýerine ýetirilmegi bolsa asudalygy üpjün etmegiň iň esasy serişdesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Konstitusiýamyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, döwletimizde parahatçylygyň höküm sürmegi, raýatlarymyzyň agzybirligi hem-de demokratiýa we kanun adyllygy ýaly ýörelgeler jemlenendir” diýip belleýär.                                                                                 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň öz maksatly menzillerine ýeten döwrüdir. Sebäbi ýurdumyzyň Konstitusiýasy adamlaryň iň ajaýyp isleglerini utgaşdyryjy, jemgyýetiň bagtyýarlygynyň çeşmesi bolup durýandygy üçin kämildir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň döwletimiziň ýaşyl tugunda we Baş kanuny bolan Konstitusiýasynda beýan edilmeginiň özünde diýseň uly many bardyr.  Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan  Döwlet baýdagymyz biziň milli buýsanjymyzdyr,  dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir” diýen parasatly taglymatynyň baý mazmuny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň  “Konstitusiýa” we “Tug” diýen iki Watan mukaddesliginde öz teswirini tapmagynyň ýöne ýere däldigini görkezýär. Asuda asmanymyzda buýsanç bilen parlaýan Döwlet baýdagymyz ata-babalarymyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr,  Konstitusiýa bolsa jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr. Çünki döwlet baýdagy we  milli Konstitusiýa  ýurt berkararlygymyzyň goşa ganatydyr. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabara bilen bilelikde bellenilýär. Ýurdumyzda bu iki mukaddesligiň bilelikde baýram edilmeginde uly many, mizemez bitewülik bar.  Mukaddes türkmen tugy-halkymyzyň pähim-paýhas çyragy. Ýaşyl tugumyzda halkymyzyň ar-namysy, lebiz-ygrary, Watana, mukaddes topragymyza bolan çuňňur söýgüsi jemlenendir. Konstitusiýamyz bolsa,  halkymyzyň şu günki hem geljekki nesilleriniň abadançylygy, şeýle hem gülläp ösmegi üçin döredilen we bütin halkymyz tarapyndan ykrar edilen  Baş Kanunymyzdyr.

Goý, halkymyza Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren, tutuş dünýä dost-doganlyk, parahatçylyk gujagyny açyp, ýurdumyzy beýik ýeňişler bilen beýgeldýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Güljennet BAÝMÄMMEDOWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy

1 440 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly bilim-ösüşlere badalga

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop