THE ASHGABAT TIMES

Dünýäde sagat guşaklyklary bilen bagly bolan birnäçe täsin wakalar

16.04.2024

Dünýäde iň köp sagat guşaklygy özünde jemleýän ýurt Fransiýa hasaplanýar. Bu ýurtda 12 sagat guşaklygy hereket edýär.


Ratmanow (Russiýa) bilen Kruzenştern (ABŞ) adalarynyň arasyndaky aralyk deňiz bilen bary-ýogy 4 km, emma Grinwiçde 21 sagat bilen bölünýär: mysal üçin Ratmanow adasynda, anna güni günortan 12, Kruzenştern adasynda penşenbe güni öýlän sagat 3.

Ýuwaş ummanyň 180-nji meridiany “wagt maşynyna” meňzeýär. “Sene çyzygyndan” gündogardan günbatara geçirseňiz, wagt bir gün öňe geçer. Çyzgyny ters tarapa kesseňiz, “düýne” düşersiňiz.

Kiçijik Rajakoski obasy Russiýanyň, Norwegiýanyň we Finlýandiýanyň serhetleriniň çatrygynda ýerleşýär. Şonuň üçin obada 3 wagt zolagy birbada kesişýär.
Köp adamlar ýaponlaryň täze günüň daňyny ilkinji garşylaýandyklaryna ynanýarlar. Emma bu dogry däl. Wladiwostokda gün hasaby Ýaponiýanyň paýtagtyndakydan bir sagat öň başlaýar.

Hytaý bilen Owganystanyň arasyndaky serhediň bir böleginden geçende sagat 3,5 sagat düzedilmeli. Dünýäde bir ädimiň köp wagt alýan başga ýeri ýok.
IK derýasynyň üstündäki köprüleri iň uzyn diýip atlandyrýarlar. Munuň sebäbi Tatarstanda Moskwanyň wagty, goňşy Başkiriýada bolsa iki sagat öň bolýar. Ik derýasy respublikalaryň arasyndaky serhet zolagyndan akýar.

Jeyhun SUWHANOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:38 pm, Mar 12, 2025
temperature icon 18°C
облачно с прояснениями
Humidity 42 %
Pressure 1022 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:22 am
Sunset Sunset: 7:10 pm
img 7051 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hokkeý oýnunyň taryhyndan

coloring within the lines THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şekilleri kabul etmek

Soňkylar Makalalar

Belent sepgitleriň gözbaşy

11.03.2025
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň möçberli işler amala aşyrylyp, olar röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly adamlar

Nowruz geler ilime güller açar diýarym

10.03.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň

Ylym – bilim ösüşleriň binýady

10.03.2025
Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän
GitTop