Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Dutar – owazy arşa galan senet

01.04.2024

Türkmen halkynyň belli saz guraly bolan dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda giňden ýaýran saz gurallarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Asyrlaryň dowamyndan bäri, dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-sazynyň esasy žanrlarynyň ählisinde ulanylýandyr. Dutar diňe Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem ol Orta Aziýa halklarynyň milli saz guraly hökmünde tanalýar.

Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Şonuň üçin hem dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirşi bolýar. Şol sebäpli-de gündogar halklarynda oňa dutar diýilýär. «Du» arap-pars dilinde «iki», «tar» bolsa «kiriş» diýmekdir. Dutar barada halklar köp rowaýat döredipdirler. Il içinde şeýele bir rowaýat bar. Dutaryň piri Baba Gammar üç sany birmeňzeş dutar ýasapdyr. Soň olarda saz çalanda, geň galmaly, olardan çykýan heň dürli-dürlimiş. Bir dutardan baglaryň ýapragynyň şemal turanda çykarýan sesi, bir dutardan çeşme-çaýlaryň akyşy, beýleki dutardan çykýan heň bolsa daglara düşüp gaýtalanýan ýaň ýalymyş. Baba Gammar pikire çümen we bu täsinligiň syryny açan. Görüp otursa, dutardan çykýan ses olaryň mekany bilen bagly bolsa nätjek. Baba Gammar dutarlaryň birini gülzarlykdan, birini dagdan, birini bolsa derýanyň kenarynda ösüp oturan tutdan ýasan ekeni.

Dutary ýekelikde çalmak, şeýle hem bagşynyň aýdymyna sazandalyk etmek üçin ulanylýar. Dutar hem gyjak ýaly, tarly saz guralydyr. Häzirki döwürde türkmen dutarynyň ululy-kiçili görnüşleri bar. Onuň inçe ses berýän görnüşine prima, oňa görä ýogyn seslisine alt, has ýogyn seslisine bolsa bas dutar diýlip at berilýär.

Senetçilik sungatymyza goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Umar ESATOW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1200px bigasia logo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Uly Aziýa” teleýaýlymy indi ýurdumyzda!

67919810 cartoon human joints set health care medical diagnostic x ray flat design style vector illustration THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Injik süňkleriniň birleşmeleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop