04292024 usembassy press release atch 2 7 scaled THE ASHGABAT TIMES

MARYNYŇ ÝAŞYL JEMGYÝETI AMERIKAN-TÜRKMEN EKO-FESTIWALY ÜÇIN ÝYGNANDY

29.04.2024

28-nji aprelde Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähi ABŞ-nyň Ilçihanasy we Mary welaýatynyň Häkimligi tarapyndan bilelikde gurnalan eko-festiwala gatnaşyjylar bilen doldy. Ýerli hyzmatdaşlaryň guran stendlerine, şol sanda sergilere, oýunlara we daşky gurşawy goramak mowzugy boýunça beýleki çärelere 1500-e golaý adam gatnaşdy.  Ýerli hyzmatdaşlaryň hatarynda Marydaky Amerikan burçy, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölümi, Bathyz döwlet goraghanasyny, ýerli medeni we bilim merkezleri we beýlekiler bar.

04292024 usembassy press release atch 1 7 THE ASHGABAT TIMES

Ilçi Klimow, Mary welaýatyň Häkiminiň orunbasary bilen bilelikde çäräni açmak üçin Mary şäherine geldi. “Festiwal meýdançasyndaky stendler gaýtadan işlemek we ekologiýa taýdan arassa önümleri kesgitlemek boýunça pikirleri öňe sürýärler” -diýip, Ilçi Klimow festiwala gatnaşýan ýerli hyzmatdaşlary belläp geçdi. “Bu çäre biziň her birimiziň daşky gurşawy goramakda eýeleýän ornumyzyň bardygyny ýatladýar”.

Festiwal, ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde gurnalan daşky gurşaw çäreleriniň birnäçesini dowam etdirýär we ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyny tassyklaýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:46 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Предметная область технологии машиностроения

607a5f54ca346042536432 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Senagat pudaklarynyň toparlanmasy we onuň ýörelgeleri

Soňkylar Habar

GitTop