Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Mejlisiň wekilleri Bolnisi şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

28.04.2024

024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Mejlisiň wekilleriniň Bolnisi şäheriniň häkimi Dawid Şerazadişwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda D. Şerazadişwili ýolbaşçylyk edýän çäginiň ykdysadyýetiniň aglaba bölegini oba hojalygynyň, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň düzýändigini aýtdy. Ol öz ýurdunyň bu çäginiň taryhy ýadygärlikleriň köp sebiti hökmünde tanalýandygy, şunuň bilen baglylykda syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 

Soňra Mejlisiň wekili milli parlamentiň işiniň kanunçylyk esaslary, ygtyýarlyklary barada gürrüň berdi. Şäher häkiminiň belläp geçen ugurlary boýunça, hususan-da oba hojalygyndaky özgertmeler, önümleri gaýtadan işleýän senagat, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ara alyp maslahatlaşylan meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Soňra wekilýet agzalarynyň Bolnisiniň ýerli ýygnagynyň başlygy Tamaz Žoržoliani we onuň orunbasarlary hem-de ýerli ýygnagynyň topar başlyklary bilen duşuşygy boldy. T. Žoržoliani ýerli ýygnagyň işiniň kanunçylyk esaslary, ygtyýarlyklary, işiniň guralşy barada gürrüň berdi.

Öz gezeginde Mejlisiň wekili ýokarda agzalan ugurlar boýunça Türkmenistanda amala aşyrylan işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Mejlisiň işi, ygtyýarlyklary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy we olaryň işini guramagyň kanunçylyk esaslary barada gürrüň berdi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Leave a Reply

Your email address will not be published.

brain and heart THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hünärmenler depressiýa bilen ýürek-damar keselleriniň arasyndaky baglanyşygy düşündirdi

02 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop