Dark
Light
03.01.2026
000 thumb scaled THE ASHGABAT TIMES

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ INTERNET OLIMPIADASY

23.04.2024

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikdäki tagallalary bilen takyk ugurlara ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň 10-njy hem-de 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Bu möhüm çärä okuwçylaryň 350-ä golaýy gatnaşdy.

Bu bäsleşik “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksat bilen guraldy.

Okuwçylara ady agzalan dersleriň okuw maksatnamalary boýunça meseleler hödürlendi, olary çözmek üçin 180 minut wagt berildi. Olimpiadanyň netijeleri boýunça Mary welaýatynyň okuwçylary 28 orun (jemi 51 bal), Lebap welaýatynyň okuwçylary 26 orun (jemi 49 bal),  Aşgabat şäheriniň okuwçylary 21 orun (jemi 30 bal), Ahal welaýatynyň okuwçylary 11 orun (jemi 19 bal), Balkan welaýatynyň okuwçylary 11 orun (jemi 13 bal), Daşoguz welaýatynyň okuwçylary bolsa 4 orun (jemi 6 bal) eýelediler.

“Bilim” žurnaly. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sam THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«China Southern Airlines» Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär

geot9obt52kbgswwafznrj5uyuy9nz 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi

Soňkylar Ylym-Bilim

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça

Mugallymçylyk – asylly kär

22.12.2025
Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar orta mekdeplerde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim
GitTop