THE ASHGABAT TIMES

Mugallymyň zähmeti

11.04.2024

Bilim berşiň üýtgedip guralyşynda degişliokadylyşy we terbiýäni döwrebaplaşdyrmak ilkinji nobatda mugallym hünärmenlerine baglydyr. Durmuş-ykdysady özgerişlerde mugallymyň at-abraýy, onuň bilim beriş wezipeleri düýpgöter özgerýär. Muňa degişlilikde onuň hünärmen häsiýetlerine bildirilýän talaplar-da üýtgeýär. Hut şonuň üçin häzirki zaman pedagogikçekişmelerinde esasy mesele mugallymyň ahlak-psihologikkeşbiniň töwereginde jemlenýär.

Bu meselä amalyýetçi we ylmy-derňew işgärleriniň garaýşy bellibirderejedegapma-garşylykly häsiýetdedir. Olaryň bir bölegipedagogikişiň üstünlikli guralyşy doly derejede mugallymyň şahsy sypatlary bilen kesgitlenip, olaryň ulanýan usullarynyň aýratyn ähmiýeti ýok diýip tassyklaýar. Beýlekileri bolsa ylmy-tehniki rewolýusiýanyň gazananlaryna salgylanyp, gapma-gasylykly garaýşy orta atýar. Olaryň pikiriçe mugallym bary-ýogy ol ýa-da beýleki ideýanyň geçirijisi bolup, onuň işinde aýgytlaýjy orun okadylyş usullaryna we olaryň takyk ulanylyşyna degişlidir. Bu nazaryýete eýerýänler mugallymyň şahsy sypatlary okadylyşyň çäginden daşda galýanlygy üçin (aýratyn hem kompýuter ýa-da beýleki elektron baglanyşyk serişdeleri ulanylanda) olaryň bilimöwredilişeonçakly ähmiýeti ýokdur diýen pikirden uguralýarlar.

Elbetde, bu gapma-garşylykly garaýýşlar ylmy hakykatdan daşdyr. Bir tarapdan mugallymyň belli bir şahsy häsiýetleriniň döredilen usullaryň takyk saýlanylyp alynmagyna we üstünlikli ulanylmagyna gözbaşy ähmiýeti bolýan bolsa, ikinji tarapdan usullaryň özleşdirilmegi bilen mugallymyň degişli şahsy we hünärmen sypatlary-daüýtgeýär. Ussat mugallymlaryň iş tejribesi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sdfdsfdss THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Monokulýar alamaty name ?

kmo 085553 03905 1 t222 195711 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Reňkli görüş neýrobiologiýasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop