Dark
Light
03.01.2026
262 THE ASHGABAT TIMES

NESILLERE GÖRELDE SEN PYRAGY!

01.04.2024

Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň öz beýik oglunyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň, sarpasynyň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Magtymguly-taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr” diýip, parasatly belleýär.

Eziz Diýarymyzda häzirki günlerde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ýaşlaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwalynynyň institut tapgyry, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi.

Döredijilik festiwalynyň şertlerine görä, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz we tans toparynyň bagtyýar talyp ýaşlary, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini wasp edýän monology, şahyryň goşgularyny labyzly, çeper okamak, bir wakany sahnalaşdyrmak, halk aýdymyny, edebi-sazly kompazisiýany ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Soňra döredijilik festiwalyna işjeň gatnaşan talyp ýaşlara TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Enemähri MATAKOWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

152c388421d57f15acaa0a2bdf0a932e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Blackpink – Jenni iýunda täze albom çykarar

behisdi bedewler milli buysanjymyz th6bnzcadj THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMEN BEDEWI INTERNET SAHYPALARYNDA

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop