password security tips feature THE ASHGABAT TIMES

PAROL GORAGYNYŇ KÄBIR MESELELERI

22.04.2024

1.Parol simwollarynyň yzygiderligi.
2.Parol yzygiderligini barlap döwmegiň esaslary.
3.Paroly döwmekligi programmirleme arkaly gurnamagyň hä­zirki zaman meseleleri.
4.Programmirleme dilleriniň deňeşdirilişi.
5.Paroly döwmeklige garşy usullary düzmek.
6.Parolyň döwülmeginiň öňüni alýan programma kody.

Bilşimiz ýaly, häzirki zaman goragynyň aglaba bölegi parol esasynda amala aşyrylýar. Bu usul gadymy usullaryň biridir. Ol gulp ýaly işleýär. Nädogry açar girizilende gulp açylmaýar. Şol açar köp­lenç simwollaryň (harplaryň, sanlaryň, nyşanlaryň) yzygiderliginden ybarat. Harplar barada gürrüň edilende – bir açarda dürli dilleriň harp­laryny ulanmak bolýar.

Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi parol goragyny kämilleşdirmeklige uly mümkinçilikleri döredýär, emma, belli bir de-rejede, parol goragynyň döwülmegine howplaryň hem artmagy gaty ähtimaldyr. Hakykatda, häzirki wagtda parol goragy meselesinde, pa-roly döwmek bilen meşgullanýan adamlarda has köp mümkinçilikler bar. Bu şular bilen düşündirilýär:

I. Gadymy döwürlerde gulpy açmak üçin dogry açary ýa­da onuň göçürmesini ulanypdyrlar. Häzirki zaman parol goragy köp derejede kompýuter tehnologiýasynyň meseleleri bilen bagly. Köplenç parol goragynyň ulanylmagyny biz aşakdaky ýagdaýlarda görýäris:

a) kompýuteriň fiziki ulgamyna girmek üçin (SETUP BIOS);
b) windows ýa­da başga amallar ulgamyna girilende;
ç) amaly programmalara ýa­da Internede girilende;
d) dürli programmalarda paroly çalşyrylanda;
e) käbir başga ýagdaýlarda.

Görşümiz ýaly, parol goragy köplenç programma derejesinde amala aşyrylan. Şol sebäpli onuň açylmagy (döwülmegi) hem amaly programmalar arkaly amala aşyrylýar.

Daýanç MERDANOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
p0d2r289 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

DEBAGGER-SAZLAÝJYLARDAN goranmak

616e8547b07bd61 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tor tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop