Dark
Light
25.01.2026
ren building shanghai big THE ASHGABAT TIMES

Ren building myhmanhanasy

10.04.2024

Ren building myhmanhanasy dünýäniň iň täsin binalarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Ol 2010 -njy ýylda gurlup, häzirki wagtda tutuş ýurtda iň tanalýan binalaryň biridir. Özüniň daşky keşbi boýunça Hytaý ieroglifi bolan ” ren ” ýagny, adam diýen sözüniň ýazylyşyna meňzeşdir.


Binanyň “suwdan çykýan” tarapy dürli sport görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenendir. Onuň “suwa girýän” tarapy ümsümligiň höküm sürýän – adamyň içki ruhy bilen işlemek üçin niýetlenendir.
Binanyň merkezi bölegi: iki tarapyň sepleşip, uly kwadraty emele getirýän ýeri ýagyşdan goraglanan açyk howada maslahat geçirmek üçin niýetlenendir.


Myhmanhananyň içinde dogry 1000 sany otag bolup, isleg bildirýänler ýerleşip bilerler hem-de şäheriň gözel görnüşini synlap bilerler. Huanpu derýasynyň gözelliginden lezzet almak isleýänler hem bu binanyň merkezi böleginiň aşagynda ýygnanyşyp bilerler.
Bu bina açylanda Şanhaý Expo-2010 sergisi üçin niýetlenipdi. Bu bina başgaça Şanhaýyň ” Eýfel başniýasydyr”

Şatlyk MYRADOW
Ýagşygeldi Kakayew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tower of taipei 101 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

664 tonna maýatnik 7,4 ball ululykda ýer titremesi wagtynda Taýwanyň iň beýik binasyny nädip gorady

asddsadada THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ABŞ-nyň Ilçihanasy Amerikan  “Pipeline Vocal Project” toparynyň konsertine çagyrýar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop