Word 2007 tekst redaktory ýazylan ýazgylary tanamak işini tanamagyň dili esasyndaýerine ýetirýär. Redaktorda ýazylan ýazgyny tanamagyň diliniň goldaýan sözlügibolmaly.
Elektron dokumentleriň kitaphanalaryny we arhiwlerini döretmek, olary kompýuteriň formatyna geçirmek işi üçin simwollary optiki tanamak ulgamy bilen ýerine ýetirilýär. Elektron dokument dolanyşygyny döretmegi çaltlandyrmak üçin adaty kagyz dokumentleri kompýuteriň skanergurluşy arkaly, olaryň şekli kompýuteriň ýadyna girizilýär, ondan soň olar optiki tanamak usuly bilen Word tekst redaktorynyň dokumentlerine öwrülýär.
Skanirlenip kompýuteriň ýadyna geçirilen sahypadaky tekstiň şekli grafik faýlda –surat görnüşde bolýar. Grafik şekilleri tekste öwürmegi tekstleri tanaýan ýörite programmalar OCR (Optical Character Recognition -OCR)ýerine ýetirýär. Şeýle programmalar suratda getirilen tekstiň şriftleriniň görnüşüni, möçberini hat-da golýazmadaky teksti tanamaly. Programmalar tekstde ýazylan tablisalary, hatda tekst birnäçe dilde ýazylan hem bolsa tanamaly. Programmalar skanirlenen dokumentiň tekstini tanamak bilen çäklenmän tanalan teksti tekst redatorynyň formatyna geçirmeli hem-de ýatda saklamagy başarmaly.
Skanirlenen dokumentiň teksti neşir görnüşli bolsa tanamak işi her bir simwoly rastr ülňi bilen deňeşdirmek arkalyýerine ýetirilýär. Ilki bilen sahypanyň rastr şekli aýratyn simwollaryň şekillendirilişine bölüşdirilýär. Ondan soň olaryň her biri sistemanyň ýadyndaky simwollaryň ülňüleri bilen yzygiderlikde gabatlaşdyrylýar, netijede deňeşdirmelerinde iň az tapawut bolan ülňi esas edip alynýar.
Skanirlenen tekstleri optiki tanamak işi köplenç FineReaderprogramma bilen ýerine ýetirilýär.
Soňky ýyllarda gol bilen ýazylan tekstlerdäki simwollary tanamak işi durmuşda köp duş gelýär. Bu iş jübi kompýuterleriniň ýörite galamy bilen ýazylan golýazmany, programma kompýuterdäki tekst dokumente öwürýär.
Tekstleri tanamagyň FineReaderprogrammasy işlendik şriftde ýazylan teksti tanaýar. Programma grafiki tekstlerdäki şriftleri ýokary takyklykda tanaýar. FineReader programmasy tanamak işinde goşmaça funksiýalar bermek bilen çäklenmän, dünýaniň 176 dilindäki ýazylan tekstleri tanamagy üpjün edýar. FineReaderprogrammasynyň ähli görnüşleriniň ulanyş interfeýsi ýönekeýdir. Onda tanamak prosesini işe girizmek üçin dokumenti skanere goýmaly hem-de programmanyň gurallar panelindäki ýekeje Scan & Read düwmäni basmaly. Tanamak işiniň dowamyny programmanyň özi awtomatiki ýerine ýetirýär.
Sahypany tanamak işini tamamlandan soňFineReaderprogramma ulanyjydan ýene skanirlemelimi hem-de tanamagy dowam etdirmelimi ýa-da alynan teksti Microsoft Office-de,HTML-deýa-da PDFformatda ýatda saklamalymy diýip sorar.
Kerwen AGANYÝAZOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby
Tekstleri tanamak
Soňkylar Makalalar
Dil – halklary birleşdirýän köpri
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli
Ýaş fizikleriň duşuşygy
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
Hytaýly hünärmen çaý haltajyklaryny ulanmaýandygynyň sebäbini düşündirdi
Moskwada geçirilen çaý sergisine gatnaşan hytaý çaý kompaniýalarynyň wekilleri «RIA Nowosti»-da näme üçin çaý haltajyklaryny içmeýändiklerini düşündirdiler. «Fujian Ningde Qianyi Çaý Co.» kompaniýasynyň hünärmeni
Öýjükli telefonyň bedene zyýanly täsirini azaltmak üçin maslahatlar
Bu günki günde ykjam telefonlar durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar diýsek hem ýalňyşmarys. Olar gyssagly habarlary hiç ýere gitmezden çalt ýetirmäge, ýakynda we uzakda
Suratda ilkinji gören haýwan şekiliňiz (psihologik test)
Bu suratda görýän ilkinji haýwan şekiliňiz sizde agalyk ediji şahsyýetiňizi açmaga ýardam edýär. Şahsyýet synaglary häsiýetimizi, zerurlyklarymyzy we daşky gurşawymyza dogry çemeleşmegimizi aňladyp biler.