Dark
Light
28.01.2026
616e8547b07bd61 THE ASHGABAT TIMES

Tor tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary

22.04.2024

Personal kompýuterlerde özbaşdak (awtonom) düzgünde işlenilende, ulanyjynyň başga kompýuterleriň ulanyjylary bilen informasiýa alyş-çalşygy (programmalary, resminamalary we ş.m) alyşmak, diňe ol informasiýalary disketlere, ykjam diske, gaty disklere we beýleki informasiýa göterijilere mesgalamak arkaly ýerine-ýetirip bolar. Bu usul kompýuterler biri-birine golaý ýerleşdirilen bolsa ygtybarlydyr hem-de kompýuterden kompýutere informasiýalary geçirmek belli bir dowamly wagty talap edýär.

Eger, kompýuterler köp bolup, olar institutyň kompýuter otaglarynda, ol otaglar aýry-aýry ýerlerde, hatda institutyň jaýynyň gatlarynda ýerleşdirilen bolsa, kompýuterleriň arasyndaky maglumatlaryň alyş-çalşygyny gyssagly geçirmeli bolsa, onda kompýuterleri öz aralarynda birikdirmek meselesi ýüze çykýar. Kompýuterler öz aralarynda informasiýa geçiriji kanallaryň üsti bilen birikdirilende tora meňzeş gurluş emele gelip, onuň kömegi bilen kompýuterler arasynda dürli görnüşli informasiýalar alyş-çalşygyny uly tizlik bilen geçirip bolar. Bu ýagdaýda kompýuterler tory köpsanly kompýuterleriň bileleşigi görnüşine eýe bolup, ol informasiýa alyş-çalşygyny üpjün edip bilýän tehniki serişdeleriň we programma üpjünçiligi bilen sazlaşykda guralan ulgama öwrülýär. Bu ulgamda birikdirilen enjamlaryň her birini informasiýalary ibermek ýa-da almak üçin peýdalanyp bolar.

Kompýuteri özara birikdirmek ýeke bir informasiýa alyş-çalşygy üçin peýdalanylman, eýsem, biri-birinden uzak ýerleşen kompýuterleriň mümkinçiliklerini bilelikde peýdalanmak üçin hem niýetlenilendir.

Kompýuter tory arkaly ol kompýuetrlere birikdirilen printerlerden hem-de beýleki birikdirilen gurluşlardan umumylykda peýdalanyp bolar, hatda resminamalar bilen birwagtda bilelikde işleşip bolar. Torlar möçberi boýunça ýerli, sebitleýin we global torlaryna bölünýärler.

Kakajan SAPARGULYÝEW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

password security tips feature THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

PAROL GORAGYNYŇ KÄBIR MESELELERI

cc3188c6249779841c17fb18a8847d5c 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

В Анкаре дан старт культурной программе к 300-летию туркменского классика Махтумкули | Культура

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop