Dark
Light
24.01.2026
behisdi bedewler milli buysanjymyz th6bnzcadj THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMEN BEDEWI INTERNET SAHYPALARYNDA

01.04.2024

     <<happy-horses.ru>> saýtynda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy,onuň aýratynlyklary we türkmen halky üçin mukaddeslik derejesine göterilendigi barada gyzykly maglumatlary okamak bolýar.Şeýle hem ahalteke bedewleriniň suratlary bu internet sahypasyna aýratyn gözellik berýär.

     сельхозпортал.рф  internet sahypasynda şeýle setirleri okap,ahalteke atlaryna bolan buýsanjyň has-da artýar: ,,Ahalteke atlarynyň ýenede bir ajaýyp üstünlikleriniň biri 1960-njy ýylyň Rim olimpiadasynda atçylyk sportunyň baş öwretmek görnüşi boýunça gazanylan netijedir.Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ahalteke bedewiniň bu görnüş boýunça goýan rekordy häzirki wagtda hem saklanyp gelýär’’.

     lovehorses.ru internet sahypasynda: ,,Iň bolmanda ýekeje gezek ahalteke bedewini gören adam bu behişdi jandarlaryň gözelligine we ajaýyplygyna guwanman bilmez’’ diýen ajaýyp jümleler bar.

     animalreader.ru  internet saýtynda :  ,,Gadymy wagtlarda ahalteke atlary Parfiýa şalygynda,Türkmenistanda we Persiýada ösdürilip ýetişdirilipdir. Netijede bolsa diňe Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň tohumyny arassa saklap galmak başardypdyr”diýen ajaýyp jümleler bar.

     calend.ru internet sahypasynda: ,,Ahalteke bedewleri tohum atlarynyň iň gadymy we ady äleme dolan şöhratly görnüşleriniň biridir” diýlip bellenilýär.

Eziz SAPAROW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

262 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

NESILLERE GÖRELDE SEN PYRAGY!

5115252 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarýar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop