Dark
Light
24.01.2026
ulag THE ASHGABAT TIMES

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 4-nji mejlisi geçdi

24.04.2024

Rumyniýada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 4-nji mejlisi geçdi. Düzüminde dürli ulag agentlikleriniň we kompaniýalarynyň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Rumyniýada iş saparynda boldy. Toparyň mejlisi Buharest şäherinde we Konstansa portunda geçirildi.

Iş toparyň türkmen tarapyna Guwançmyrat Akmämmedow, rumyn tarapyna bolsa Adrian George Fogiş başlyklyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda “Gara deňiz-Hazar deňzi” halkara ýük ulag geçelgesi boýunça köptaraplaýyn hökümetara ylalaşygy, awtoulag demirýol, deňiz we howa ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem iş toparynyň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri ylalaşyldy.

Taraplar tejribe paýlaşdylar hem-de özleriniň ulag düzümleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem iki ýurduň portlarynyň üsti bilen konteýner we multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek üçin jogapkär utgaşdyryjylar bellenildi.

Iş toparynyň 5-nji mejlisini 2025-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

geot9obt52kbgswwafznrj5uyuy9nz 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi

boeing THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Boeing» 2030-njy ýyla çenli Aziýada uçarmansyz uçýan taksileri işe girizer

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop