Dark
Light
24.01.2026
1200px bigasia logo THE ASHGABAT TIMES

“Uly Aziýa” teleýaýlymy indi ýurdumyzda!

01.04.2024

«Uly Aziýa» media topary hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti maglumatlar ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama gol çekdiler. Resminama gol çekmek dabarasy Aşgabatda geçen «Türkmen topragy – gadymy medeniýetiň merkezi» atly mediaforumyň çäginde guraldy.  

Taraplar şertnamanyň çäginde birek-biregi teleýaýlymlarynyň, saýtlarynyň we sosial ulgamlarynyň çeşmeleri bilen üpjün etmek barada ylalaşdylar. Şol sanda, Döwlet komiteti «Uly Aziýa» teleýaýlymyna Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ýaşaýyş durmuşy, ylym we tehnologiýa, syýasat, ykdysadyýet, işewürlik, syýahatçylyk hem-de sport boýunça rus dilindäki telewizion gepleşiklerdir makalalar bilen üpjün eder. Bu maglumatlar «Uly Aziýa» teleýaýlymynda, şeýle hem «bigasia.ru» saýtynyň «Aziýanyň ýurtlary» rubrikasyndaky Türkmenistan baradaky habarlarda we bölümde peýda bolar.

Taraplar B2B we B2G segmentlerinde maglumat goldawyna we taslamalaryň hereketine gönükdirilen bilelikdäki gurama hem-de çärelere gatnaşmak hakynda ylalaşyk gazandylar.

Söhbetdeşligiň soňunda iki tarapyň ýolbaşçylary şertnama gol çekdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

b629a351903b5884c599e744e92ed1c9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

GTA 5 resmi däl ýagdaýda Android, Nintendo Switch we Linux, Leak Shows-a iberilip bilner

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dutar – owazy arşa galan senet

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop