Dark
Light
25.01.2026
snimok ekrana 63 THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzyň talyp ýaşlary halkara olimpiadalarda baýrakly orunlarda

30.04.2024

22.04.2024-25.04.2024 sene aralykda Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde nazary mehanika dersi boýunça talyplaryň arasynda XVIII halkara olimpiada geçirildi. Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen bu bäsleşige Hytaý halk respublikasynyň, Russiýa federasiýasynyň, Belarus respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden, 20-den gowrak dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden 100-e golaý talyplar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň iki görnüşi boýunça talyplar özara güýç synanşdylar, ýagny şahsy we toparlaýyn görnüşde. Bu bäsleşigiň Aziýa zolagy boýunça saýlama tapgyry 2023-nji ýylyň dekabr aýynda geçirildi. Oňa Hytaý halk respublikasynyň, Gonkongyň, Makaonyň, Tailandyň we beýleki gündogar Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden 600-den gowrak talyplar gatnaşdylar. HOHAI uniwersitetinde geçirilen bu saýlama tapgyrda 7 sany ýokary okuw mekdebe wekilçilik edýän 30-dan gowrak talyp Gomel şäherindäki final tapgyryna gatnaşmaga ýollanma gazandylar. Türkmenistanly talyplar öňki olimpiadalaryň görkezijileri esasynda gönüden-göni final tapgyryna çykdylar.

Bäsleşigiň şahsy görnüşi boýunça Türkmenistanyň talyplarynyň ählisi bürünç medalyň eýeleri boldular. Ýurdumyzyň adyndan TDEI-nyň talyplary Suwhanberdiýew Döwlet, Ýazjumaýewa Aýna, Gylyçgeldiýewa Gyzylgül, Babamuradow Şohrat çykyş etdiler. Toparlaýyn bäsleşikde TDEI-nyň talyby Babamuradow Şohrat we Belarus döwlet ulag uniwersitetiniň talyplary bilen bilelikde garyşyk ýygyndy topary emele getirip baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Biz bolsa, öz gezegimizde ildeşlerimizi alan baýrakly orunlary bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys we indiki olimpiadalarda uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

151 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beton we demirbeton işlerinde

a 551911113501108 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nazary mehanika dersi boýunça III Halkara açyk internet olimpiadasynyň geçirilmegine taýýarlyk

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop