Dark
Light
02.02.2026
65f854814fd223fc3678f025 osi application layer THE ASHGABAT TIMES

Açyk ulgamlaryň özara täsiriniň modeli

22.05.2024

Tor topologiýasynda hemme enjamlar bir firma tarapyndan öndürilen bolsa olar ýek-täk protokolda işleýarler. Olara “ýapyk sistema” (closed/proprietary systems)diýilýar.

“Açyk sistemalarda” ulanylýan enjamlar ýörite bellenen talaplara laýyk gelmelidirler. Diňe şeýle ýagdaýda dürli öndürijileriň enjamlaryny bir torda ulanyp bolar.

978-nji ýylda Standartlaşdyrmagyň halkara guramasy (ISO International Standarts Organizations) tarapyndan özaralarynda maglumat geçiriş protokollary bilen tapawutlanýan dürli firmalaryň enjamlaryny bir torda “açyk sistemada” ulanyp bolar ýaly “açyk sistemalarda özara täsiriň giňişleýin beýan edilen modelini” (OSI Open System Interconnection model) hödürledi. OSI model kommunikasion prosesiň dürli düzüjilerine çäklendirme girizmek we olary identifisirlemek üçinkesgitlenen strukturany hödürledi. OSI model prosesi birnäçe derejelere bölýär we bu derejeleriň her biri diňe öz goňşusyna täsir edip bilýär. Tor topologiýasyny bu usulda döretmek arkaly enjamlaryň özara ylalaşygyny we ornuny tutup bilmelerini gazanyp bolýar.

Bu model aşakdaky ýaly derejelere bölünip biler:

1) Fiziki dereje (Physical Link Layer)
Fiziki dereje -Stansiýalaryň (station) ýa-da düwünleriň (nodes) arasynda degişli interfeýsleriň1üsti bilen elektrik ýa-da optiki signaly geçirmäge niýetlenen sredadyr. Maglumat geçirýän sreda degişli bolan hemme soraglar –signallaryň derejesi we ýygylygy, maglumatlaryň kodlanyşy, maglumat geçiriş usuly, birikdiriş ýerleriň formasy we ş.m. bu derejede çözülýär. Düwünleriň arasyndaky aragatnaşygyň ýeke-täk material düzüjisi fiziki derejedir.

2) Maglumatlar kanalynyň derejesi (Data Link Layer)
Maglumatlar kanalynyň derejesi bir düwünden beýleki düwüne freýmleri (frames) formirlemegiň we geçirmegiň, maglumat geçiriş döwründe fiziki derejede döreýan ýalňyşlyklary ýüze çykarýan we olary düzedýän funksiýalary amala aşyrýar. Maglumat geçiriş döwründe ýalňyşlyk ýüze çyksa, ol maglumatlaryň gaýtadan iberilmegi talap edilar. Bundan başga-da birnäçe gurluşlar bir umumy maglumat geçiriş sredasyny ulanýan bolsalar, bu gurluşlar üçin sredany ulanmagyň yzygiderligini alyp barýarlar. Adatça bu derejäniň funksiýalary tor adapterinde jemlenendir.

3) Tor derejesi (Network Layer)
Tor derejesi maglumat-habarlaryň ugradyjydan kabul edijä barmagynyň ugruny (marşrutyny) kesgitleýär we gözegçilik edýär. Marşrut özara baglanyşygy bolmadyk birnäçi fiziki segmentlerden durup bilýär. Bu derejede marşrutizatorlar işleýar.

4) Transport derejesi (Transport Layer)
Transport derejesi maglumat-habarlaryň ugradyjydan kabul edijä barmagyny dolandyrýar. Bu dereje maglumatlaryň geçirilmegini soraýan programma üpjünçiligi bilen fiziki tor arasynda interfeýs bolup hyzmat edýär. Transport derejesiniň esasy meseleleriniň biri -ýokarky derejeleriň, toryň fiziki strukturasyna şeýle-de maglumat geçirmegiň ugruna garaşsyzlygyny üpjün etmekdir. Transport derejesi maglumatlaryň ugradyjydan kabul edijä dogry barmagyna we maglumatlaryň dolandyryjy we beýleki programmalara barmagyna jogapkärdir.

5) Seans derejesi (Session Layer)
Derejeleriň obýektleriniň arasynda baglanyşyk döretmage, sinhronizasiýa jogap berýär. Bu derejede torda uzak aralykdan regitrirlenmek bolup geçýär.

6) Maglumatlary beýan etmek derejesi (Presentation Layer)
Bu dereje maglumatlaryň sintaktik modelini üpjün edýar. Maglumatlary kodlamak we yzyna öwürmek işleribu derejede ýerine ýetirilýär. Ýagny maglumatlar bir formatdan başga formata (gysylmak/gysylany açmak, kodlamak/kodlanany açmak) öwürýär. Bu dereje operasion ulgamlaryň funksiýasyny özünde saklaýar.

7) Programmalar derejesi (ApplicationLayer)
Programmalar derejesi iň ýokary dereje bolup dolandyryş we beýleki meseleler çözülýär. Bu derejede operator bilen aragstnaşyk saklaýan programmalar işleýär. Bu dereje operatordan gizlenen däldir.

Maglumat-habar ugradylanda 7-nji erejeden 1-nji derejä çenli geçýär. Her dereje maglumat-habary belli bir üýtgemä sezewar edýär. Kabul edilende bolsa bularyň tersi bolup geçýär.

Döwran GUWANÇMYRADOW
Türkmenistanyň Inžener-teniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

s6e4teln5zhbb0o90x5ytqeobmnetynwjnihsicqm0zi2ga2cm0epy4q4ksb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beki Seýtäkow

tm112 1 ol s5 f1 4.tif THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maglumatlaryň gaty diskdäki saklanyş strukturasy

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop