1-nji maýda «Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy «Farap» barlag nokadyndan Türkmenistanyň çägine geçip, Aşgabat şäherine tarap ugrady. Şu gün — 2-nji maýda bolsa otly türkmen paýtagtynyň çägine geldi. Bu otly 7 ýurduň — ABŞ-nyň, Hytaýyň, Kanadanyň, Russiýanyň, Singapuryň, Beýik Britaniýanyň we Wengriýanyň 97 syýahatçysy üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gyzykly syýahaty amala aşyrýar. Myhmanlar Aşgabadyň gözel ýerlerine, ýädygärliklerine hem-de seýilgählerine baryp görerler we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanşarlar. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bolsa syýahatçylara «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryny, artistleriň ussatlygyny hem-de türkmen bedewleriniň gözelligini synlamaga mümkinçilik dörediler. Şeýle-de, olara Aşgabat agşamlaryndaky ajaýyp gezelenç garaşýar. Myhmanlaryň Türkmenistandaky syýahatçylyk geografiýasy giň bolar. Olar syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülen «Garagumuň ýalkymyna» baryp görerler. Şondan soň bolsa «Altyn bürgüt» Daşoguz şäheriniň üsti bilen Özbegistanyň çägine geçer.
«Altyn bürgüt» halkara syýahatçylyk otlusy Aşgabat şäherine geldi
Soňkylar Habar
Türkmenistanda Türkiýe wizasy boýunça täze döwür başlady
Türkmenistanly raýatlaryň Türkiýe wiza ýüz tutmalaryny ýerine ýetirýän Gateway International kompaniýasynyň işini beslemeginden soň, Türkiýe Respublikasynyň konsullyklary tarapyndan akreditirlenen täze resmi işlem merkezi hökmünde
Arkadag – Al Nasr futbol duşuşygynyň biletleri nirden alyp bolar?
Aşgabat Olimpiýa stadionda geçiriljek Arkadag – Al Nasr futbol duşuşygyna biletleriň satylyşy boýunça resmi maglumatlar peýda boldy. Çäre üçin biletleriň esasy bölegi Türkmenistanyň iň
Aşgabatda breýn-ring bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň
Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda gönüden-göni howa gatnawlaryny dikeltmek boýunça gepleşikler dowam edýär
AŞGABAT, 10-njy ýanwar. Belarus bilen Türkmenistan iki ýurduň arasynda gönüden‑göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada maglumatlar Türkmenistanyň Belarusdaky
Buharest şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş