Aşgabat şäheriniň töwereginde Türkmenistanyň möhüm suw üpjünçilik çeşmesi bolan Garagum derýanyň kenarynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Amerikanyň Halkara Ösüş Guramasy tarapyndan bu suw çeşmesiniň suw mukdaryny hem-de derejelerini ölçemek üçin, suwuň hasabyny ýöredýän täze awtomatlaşdyrylan ulgamy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanyşa girizildi. Bu ulgam arkaly alynýan maglumatlar berlen hakyky wagtda elýeterli bolup, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan oba hojalyk, agyz suw maksatlary hem-de senagat ähmiýetli zerurlyklar üçin suwuň has takyk bölünişigini meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Bu ulgam, Türkmenistany suw serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmegiň we howa şertleriň üýtgemelerine durnuklylygy artdyrmagyň netijeli gurallaryny üpjün etmek üçin, Amerikanyň Halkara Ösüş Guramasynyň Merkezi Aziýada suw serişdeleri we daşky gurşaw baradaky sebitleýin taslamasynyň grant serişdelerini alan “Bosfor” jemgyýetçilik guramasy we “Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi tarapyndan ornaşdyryldy.
Bütindünýä Bankynyň çaklamalaryna laýyklykda, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde howa şertleriniň üýtgemeleriniň täsirleri, Amyderýanyň Türkmenistanyň çägindäki goşantlarynda suwuň 25% azalmagyna sebäp bolup biler. Bu ýagdaý, ýurduň agyz suw, şeýle hem oba hojalyk ekinlerini suwaryş suwy bilen üpjün etmek üçin uly kynçylyklary döredip biler.
Suwuň hasabyny ýöretmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy Türkmenistanyň hökümet edara-guramalary üçin Garagum derýanyň suw mukdarlary hem-de onuň ugrundaky suw alyjy sakalary barada möhüm maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berer, bu maglumatlar bilen işlemekligi aňsatlaşdyrmak üçin, olar programma üpjünçiliginiň kömegi bilen hasaba alynyp, ýazga geçiriler. Bu ulgam oba hojalyk işgärleri tarapyndan sarp edilýän suw serişdeleri barada içgin maglumat berip, oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyllylygyny gazanmak üçin zerur bolan suw mukdarlarynyň hasabyny çykarmaga mümkinçilik döreder, beýleki suwdan peýdalanyjylar bolsa, has durnukly we netijeli suw üpjünçiligini gazanarlar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Matýu Klimow we Suw serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň wekilleri bilen lentany kesmek dabarasyna gatnaşdy we şeýle diýdi, “Türkmenistan hökümetine USAID bilen Suwuň hasabyny ýöretmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamyny Garagum derýanyň ugrunda ornaşdyrmak taslamasynda hyzmatdaşlygyna çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Bu tehnologiki täzelik ýurduň geljekki nesiller üçin suw baýlyklaryny dolandyrmak ukybyny ýokarlandyrar, ” diýip ilçi Klimow aýytdy.