Dark
Light
12.01.2026
sanly toyda harby kuwwatymyzyn dabaralanmasy bmwqupsgka THE ASHGABAT TIMES

BEÝIK ÝEŇIŞ – MIZEMEZ HATYRA

09.05.2024

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiñ 79 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza , halkymyza, we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa göräde , uruş ýyllarynyň güzaply, jebir-jepaly, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz. Türkmen ýigitlerimiz Watançylyk urşunda asuda, bagtyýar döwrümiz üçin gara başlaryny orta goýup, söweşdiler. Watanyň şöhratly ogullaryny ýatlamak her birimiziň borjumyzdyr.

Gahryman Arkadagymyz: «Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip,  parasatly belleýär. 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni sözüň hakyky manysynda mertleriň Watany beýgelden günüdir. Taryhda müdimi orun alan şol arzyly günden bäri Watan hem öz mertlerini beýgeldip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa munuň özi täze many-mazmuna eýe boldy. Ajaýyp zamanamyzda olaryň hatyrasy, sarpasy has-da belent tutulýar. Söweşlerde edermenlik görkezen gahrymanlar hakyndaky ýagty ýatlamalary ebedileşdirmek maksady bilen «Hatyra» hem-de «Şöhrat» kitaplarynyň neşir edilmegi, paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň döredilmegi, uruş weteranlarynyň, frontdan dolanyp gelmedikleriň yzynda galan zenanlaryň, tylda zähmet çekenleriň döwlet tarapyndan alada bilen gurşalmagy, Ýeňiş güni mynasybetli olara her ýyl pul sowgadynyň we gymmatbahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, saglyk hyzmatlarynyň ilkinji nobatda edilmegi, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga yzygiderli üns berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan ugrunda göreşen gerçeklerimize, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar we bularyň beýle gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmajak şöhrata eýedir. Ýurdumyzyň asudalygy , halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak , alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.

Atamyrat MAKSADOW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

27.01.2022 vystavka 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan söýgüsi –berk synmaz galadyr!

191117 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Okatmak usulynyň ylmy esaslary

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri
GitTop