Dark
Light
24.01.2026
05142024 usembassy press release atch 2 8 THE ASHGABAT TIMES

DAŞOGUZ WELAÝAT KITAPHANASYNDA AMERIKAN-TÜRKMEN KITAP ÝARMARKASY GEÇIRILDI

16.05.2024

11-nji maýda Daşoguz welaýat kitaphanasy amerikan-türkmen kitap ýarmarkasyna gelenler bilen doldy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Hökümeti we Daşoguzyň Amerikan burçy bilen bilelikde guralan bu çäre edebiýatyň birleşdiriji wezipesine ünsi çekdi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçdi.

05142024 usembassy press release atch 6 8 THE ASHGABAT TIMES

Ilçi Klimow, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň müdiri bilen bilelikde çäräni açmak üçin Daşoguza geldi. “ABŞ-nyň Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän wagtynda bu kitap ýarmarkasyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekden hoşallyk duýýar” diýip, ol sözüniň üstüni şeýle ýetirdi:”Gowy kitap – bu ýoldaş, biziň dostumyz bolýar.” Şeýle hem Ilçi Klimow ABŞ-nyň ilçihanasynyň adyndan kitaphana minnetdarlyk nyşany hökmünde iňlis dilini öwrenmek boýunça okuw materiallarynyň ýygyndysyny gowşurdy.

05142024 usembassy press release atch 3 8 THE ASHGABAT TIMES

Ýarmarkada ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan türkmen diline terjime edilen amerikan edebiýatynyň birnäçe nusgawy eserleri hem sergilendi. Häzirki wagta çenli ABŞ-nyň Ilçihanasy amerikan edebiýatyndan 14 sany nusgawy eseriň iňlis-türkmen iki dilli görnüşlerini çap etdi. Bu bolsa şol eserleri türkmen okyjylary  üçin has elýeterli edýär. Dowam edýän başga bir kitap hyzmatdaşlygynyň çäginde, “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) maksatnamasy häzirki wagtda Magtymgulynyň döwründen birnäçe golýazmany dikeltmek üçin iş alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň hemmesi, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam etdirýän edebiýatda, arheologiýada, aýdym-sazda we beýleki ugurlarda işjeň alyş-çalyşyň üstüni ýetirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

05152024 usembassy press release atch 1 6 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

USAID 13-nji MERKEZI AZIÝA SÖWDA FORUMYNY AÇDY

snimok ekrana 186 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BKMEDIA SHOWDAN TÄZELIK

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop