Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Halkymyzyň rowaçlygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şunda halkymyzyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň suwy rejeli we netijeli peýdalanmakda baý tejribesi bardyr. Halkymyz asyrlaryň dowamynda suwa aýawly garap gelipdir. Häzirki döwürde bu parasatly däplerimiz suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny we ekologiýa taýdan arassa innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen birlikde, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň we obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümlerini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çemeleşmeleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär. Şu maksatlar bilen degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar we iň täze enjamlar satyn alynýar.
TDH