Dark
Light
03.01.2026
1000 f 82893316 0ls6huskyqujdmubrpu0p1sb1hr7mbmd THE ASHGABAT TIMES

EHM-leriň periferiýa gurluşlary

29.05.2024

Elektron hasaplaýyş maşynlaryňperiferiýa (daşky) gurluşlaryna wideosistemalar, klawiatura, printer, çeýe, gaty we optiki ýatda saklaýjy gurluşlar, strimmerler we başgalar degişlidirler. Kompýutere informasiýalary girizýän gurluşa klawiatura diýilýär. Klawiatura harplary, sifrlery we beýleki simwollary hem-de dolandyryş signallaryny girizýän düwmelerden (klawişlerden) durýar. Klawiaturada basan düwmäňe degişli simwol ýa-da buýruk kompýuteriň monitorynda, kursoryň duran ýerinde peýda bolýar. Kompýuterleriň klawiaturasynda harplaryň ýerleşişi dürli-dürli bolmagy mümkindir. Häzirki wagtda latyn harplarynyň we sifrlaryň ýerleşişiniňQWERTY görnüşi giňden ýaýrandyr.

Klawiaturanyň iň ýokarky hatarynda 12 sany funksional düwmeler ýerleşdirilen, olaryň köpüsi ulanylýan programmalarda ýörite ýumuşlar üçin programmirlenen. F1 düwmäni basyp kompýuterde ýerine ýetirilýan programma boýunça anyklama alyp bolar. Işlenýän programmadan F10 düwmäni basyp çykyp bolar. Klawiaturada düwmäniň depesine hat ýazylan işi dolandyrýan düwmeler bar:

  • Enter —informasiýany, buýrugy girizýandüwme;
  • Esc (Escape —çykmak) düwme işi ret etmek, programmadan menýudan çykmak üçin niýetlenilen;
  • Ctrl we Alt —özbaşdak hiç-hili ýumuşy ýerine ýetirmeýär, başga düwmeler bilen bilelikde basylanda dolandyryş işleri ýerine ýetirýär; Shift (registr) —düwmeler bilen setir harp ýazylsa baş harpa çalysýar ýa-da tersine;
  • Insert (ýerine goýmak) —ýerine goýmak düzgünine geçirýar, kursor duran ýere täze simwollary girizýär);
  • Delete (aýyrýar) —kursoryň duran ýerinden başlap, onuň yzyndaky simwollary aýyrýar;
  • Back Space ýa-da —kursoryň duran ýerinden başlap, ondan öňki simwollary aýyrýar;
  • Home we End —kursory degişlilikde setiriň başyna we yzyna geçirýär;
  • Page Up we Page Down —kursoryň duran ýerinden, ony degişlilikde bir ekran yza we öňe geçirýar;
  • Tab —tabulýasiýa düwmesi, kursory saga birnäçe ýere bökdürýär;
  • Caps Lock —setir harplar ýazylýan bolsa baş harplar ýa-da tersine bolan ýagda registrde berkidýär;
  • Print Screen —ekranda görünýän informasiýany çap edýär.
  • Iň aşaky setirdai uzyn hiç-hili simwol ýazylmadyk uzyn düwme ekrana boş ýeri girizmek üçin niýetlenen:

Muhammet RAHMANOW
Türkmenistanyň Inžener-teniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sddefault THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Firyuza – dan täzelik “Güýjim ýok”

programmirleme dilleri optimized THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Programmalaşdyrmagyň dilleri we esasy düşünjeler

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop