Dark
Light
15.01.2026
mahtumkuli THE ASHGABAT TIMES

ESASSYZ ŞÜBHELER, ESASLY HAKYKAT

17.05.2024

Magtymgulynyň golýazmalarynyň arasyndaky 1123­nji bukjada saklanýan diwan aýratyn durlup geçilmäge mynasyp. Bu diwany 1946­njy ýylyň başynda Gylyç Mülliýew golýazma ha­zynasyna tabşyrypdyr. Şondan biraz wagt geçensoň, has takygy, 1961­nji ýylda dilçi alym Z.B.Muhammedowa «Народы Азии и Африки» žurnalynda «К текстологии Махтумкули (о стихах Махтумкули по «рукописи Кылыча Мюллиева») atly makala bilen çykyş edip, onda Gylyç Mülliýewiň tabşyran golýaz­masyndaky goşgularyň Magtymgula degişlidigine şübhelenýär. Eýsem alymyň şübhelenmesi nämäniň esasynda döräpdir. Onuň tutaryklarynyň biri bu bukjadaky şygyrlaryň şahyryň onlarça di­wanlarynyň hiç birinde gabat gelmezligi. Biz bu baradaky gür­rüňi biraz yza goýup, alymyň beýleki tutaryklaryna ýüzleneliň. Z.Muhammedowa bukjadaky şygyrlary temalary boýunça 3­e bölüp, olaryň 1­nji toparyna watandan aýralyk, ýesirlik, namart­lary ýazgarmak; 2­nji toparyna söýgi; 3­nji toparyna gelin­gyzlaryň kemsidilmegi, garyp­gasarlaryň mertebesiniň göterilip, din wekilleriniň abraýynyň pese düşmegi bilen baglanyşykly şygyrlary degişli edýär. Soňra bolsa şahyryň «Tuta başlady» atly şygryndan:

Gudratyndan düşdi pirler, işanlar,
Çäresiz, azarly galdy bu janlar,
Molla boldy her öňýeten nadanlar,
Igi, guly hoja çata başlady –

diýen bendi, «Azara belli» atly goşgusyndan:

Aýlanyp gerdişler, öter bu günler,
Janda ne kuwwat bar, titreşer tenler,
Ýat boldy Gurhanlar, galypdyr dinler –

diýen setirleri, «Gözel ýarym görünmez» atly goşgusyndan:

Azanlar kesilip, metjit ýapylyp,
Hakdan özge bir azarym görünmez –

diýen setirleri mysal getirýär. Soňra alym getiren mysallary­na esaslanyp, şeýle netije çykarýar: «Когда же до 1917 г. было столь сильным атеистическое движение? Напрашивается предположение, что эти стихи следует отнести к началу советского периода».

Çynar GURBANKULYÝEWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

berkarardyr yasyl tugly watanym THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym

watsonthumb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

SANAÝYŞ ULGAMLARY

Soňkylar Makalalar

Türkmen sporty şöhratlanýar

13.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly-bilimli,

Aýdyň maksatlar bilen bedew batly ösüşlere

13.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi döwletimiziň ösüş ýolunyň ruhy, syýasy we strategik ugruny kesgitleýän möhüm wezipedir. Şundan ugur alnyp,

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri
GitTop