Halkara Esse bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi

08.05.2024

2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň arasynda “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly tema boýunça esse (düzme) ýazmak bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu bäsleşigiň esasy maksady – Halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri halk köpçüliginde giňden wagyz etmek we ýaýratmakdan ybarat bolup durýar.

Bäsleşige tabşyrylan işler ýaşlaryň ylmy barlaglarynyň netijeleriniň ýokary hillidigini görkezip, halkara ynsanperwer hukugy boýunça dürli meseleler babatda öz ylmy garaýyşlaryny beýan etmegi başardylar. “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly tema bagyşlanan esse (düzme) ýazmak bäsleşigine iň oňat ýazylan işleri bahalandyrmak we kesgitlemek Garaşsyz eminler topary tarapyndan bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda seljerildi we bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda institutyň websaýtynda (iirmfa.edu.tm) ýerleşdirildi.

Daşary ýurtlardan gatnaşan döwletleriň ýeňijileri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onlaýn görnüşinde birikdiler, şeýle hem agzalan bäsleşigiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ýeňijilerine diplomlaryny we ýadygärlik sowgatlaryny Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Täjigistan Respublikasyndaky, Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanalarynyň üsti bilen gowşurylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

https://www.iirmfa.edu.tm

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:51 am, Sep 20, 2024
temperature icon 22°C
небольшая облачность
Humidity 40 %
Pressure 1018 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Döwlet Baştutanymyz Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Next Story

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: ÜÇÜNJI MÖWSÜMIŇ ÝEŇIJILERI MÄLIM BOLDY

Soňkylar Habar

GitTop