Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23.05.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy.

    Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna özakymly akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desgasyna iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar.

    Bellenilişi ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy tehnologiýalar» we «Iň gowy ekologik tejribeler» resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan we barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna, Halkara standartlaşdyrma guramasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw we adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär. Bularyň ählisi degişli Güwänamada öz beýanyny tapdy.

    Aşgabat şäherinde döwrebap «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm sahypany açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

tdh.gov

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:36 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 25°C
облачно с прояснениями
Humidity 27 %
Pressure 1014 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Ak şäherimiz Aşgabat

Next Story

«Atalar pendi – nesillere dowamat» atly wagyz-nesihat çäresi

Soňkylar Habar

GitTop