18109a2fdb3f79150ddc3ab4b6ad1a88 THE ASHGABAT TIMES

III Açyk halkara internet olimpiadasy

16.05.2024

2024-nji ýylyň maý aýynyň 6-11 -i aralygynda geçirilen Nazary mehanika dersi boýunça talyplaryň 3nji Açyk halkara internet olimpiadasynda ýokary okuw mekdebimiziň talyplary üstünlikli çykyş etdiler.

Şahsy bäsleşige 650-ä golaý talyp gatnaşyp, iň ýokary netijäni Moskwanyň fiziki tehniki institutynyň talyplary görkezdi. Olar bilen bir hatarda institutymyzyň talyby Suwhanberdiýew Döwletiň hem ýokary netije görkezmegi bellemäge mynasypdyr.

Talyplarymyz Suwhanberdiýew Döwlet, Ýazjumaýewa Aýna, Gylyçgeldiýewa Gyzylgül, Babamuradow Şohrat Şahsy bäsleşikde birinji orun eýelemegi başardylar. Ýeri gelende bellesek, olar 22-26-njy aprelda Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde geçirilen Nazary mehanika dersi boýunça talyplaryň 18-nji halkara olimpiadasynda hem şowly çykyş edip, ählisi hem bürünç medala mynasyp bolupdy. Toparlaýyn bäsleşikde institutymyza wekilçilik eden TDEI-1 we TDEI-2 toparlaryň ikisi hem ikinji orna mynasyp boldular.

Şahsy bäsleşigiň netijesi boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Hojamgulyýewa Mylaýym, Gurbangeldiýewa Gülşat we Azadowa Mähriban dagylar ikinji orna mynasyp boldy. Olar hem Russiýa Federasiýasynyň Mari El respublikasynyň Ýoşkar -Ola şäheriniň guramagynda Aprel aýynyň 5-ne geçirilen Açyk halkara internet olimpiadasynda şowly çykyş etdiler.

Her ýylda Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň Nazary mehanika ugry boýunça bassyr iki ýyl birinjiligi eýeläp gelýän institutymyzyň talyplaryna indiki bäsleşiklerde-de has uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Amangül BATYROWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
uchenye ishhut otvet pochemu zemlya krutitsya vse bystrej large THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýer şarynyň öz okunyň daşyndan bir gije gündiziň dowamynda doly bir aýlaw edýär

9a3beadcdab58bb51b9029b38883ff72 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Woleýbol boýunça milletler ligasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop