1623663299 fragi THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragynyň “Atamyň” goşgusynda

10.05.2024

Altmyş bäşde, nowruz güni, luw ýyly,
Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

Agyr döwletlere köňül goýmady,
Bu jahanyň eşretini söýmedi,
Esgi şaldan artyk puşeş geýmedi,
Ahret öýi boldy kasdy atamyň.

Diýrdi: «Dünýä durmaz, ömre baky ýok»,
Gündiz roza, gije bolsa uky ýok,
Müňkür bilmez, muhlyslaryň şeki ýok,
Pygamber destidir desti atamyň.

Görmesem, söýlemen oý bile çenden,
Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,
Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,
Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň.

Nukaba diýrler, üç ýüz eren ugraşdy,
Çiltende atama nazarym düşdi,
Nujaba barsam, heftenlere garyşdy,
Abdallardyr çyn peýwesti atamyň.

Älem içre adam galmaz, at gezer,
Bu syrlardan jahan halky ýat gezer,
Jaýy jennet içre, gökde şat gezer,
Ýerde hoşwagt ýatar posty atamyň.

Magtymguly, gizli syryň bar içde,
Kämil tapsaň, kyl gullugyn dyryşda,
Magşar gün gaýgysyz girer behişte –
Her kim çyndan bolsa dosty atamyň.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:47 pm, Jan 18, 2025
temperature icon 7°C
переменная облачность
Humidity 81 %
Pressure 1023 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:13 pm
120124 023 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragynyň çeperçilik mekdebi

magtymguly suratksler sergi vystavka 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymguly Pyragynyň ady we lakamy barada

GitTop