Dark
Light
12.01.2026
metaphysicsmeetscogsci 1 THE ASHGABAT TIMES

Metafiziki metodologiýanyň häsiýetli alamatlary

09.05.2024

1) ol mehanistik häsiýetlidir. Dünýäniň ähli hadysalaryny, olaryň ähli alamatlaryny öwrenmekde mehanikanyň düzgünlerini gollanmakdyr. Metafizikler hereketiň diňe mehaniki görnüşini ykrar edipdirler. Olar predmetleriň hereketini giňişlikde we wagt taýdan ýönekeý ornuny çalyşmagy hökmünde häsiýetlendiripdirler.

2) hakykata bir taraplaýyn çemeleşmek, onuň birnäçe pursatlaryny çişirip görkezmek, beýlekilerini bolsa äsgermezlik etmek, öwrenilýän obýetkleriň ähliumumy baglanşyklaryny nazarda tutmagy başarmazlyk metafizika üçin häsiýetlidir.

3) metafizikler dünýäde bolýan üýtgeşmeleri, özgerişleri ýapyk halkanyň, tegelegiň içinde aýlanyp durmak, şol bir geçilen basgançaklary gaýtalamak hökmünde düşünýärler, ösüşiň ilerläp öňe gitmek häsiýetini inkär edýärler.

4) metafizikler, kada hökmünde, predmetleriň we hadysalaryň hil taýdan otnositel durnuklylygyny çişirip görkezýärler, hil taýdan üýtgeýändigini görmeýärler. Eger-de olar ösüş barada gürrüň edäýseler hem, ösüşe mukdar taýdan üýtgeýiş, ýönekeý köpelmek ýa-da azalmak hökmünde düşünýärler.

5) hereketiň we ösüşiň çeşmesi, sebäbi hakyndaky meseläni hem metafizika ýüzleý we bir taraplaýyn çözýär. Mehanistik düşünjelerden ugur alyp, metafizika tutuşdünýäniň we her bir jisimiň üýtgemeginiň we ösmeginiňsebäbini olaryň öz içindäki proseslerden gözlemän, eýsem nähilidir bir daşarky güýçlerden, daşarky sebäplerden gözleýär.

Dünýä akyl ýetirmäge metafiziki çemeleşmegiňçäklidigini pozitiwizm we neopozitiwizm akymlarynyňmysalynda hem açyk görmek bolýar. Pozitiwizm düşünjesi latynça pozitiwus oňyn, položitel diýen sözden gelip çykýar. Bu filosofik metafiziki akymy XIX asyryň 30-njy ýyllarynda fransuz alymy Ogýust Kont (1798 – 1857) esaslandyrypdyr. Ol filosofiýanyň metodologik ähmiýetini inkär edýär. Oňyn pikirine görä, hakyky, oňyn polojitel bilimler diňe anyk, hususy ylmy pudaklaryň netijeleri hökmünde, ol netijeleriň sintetiki birleşdirilmegi esasynda döredilip bilner. Şonuň üçin aýratyn ylym hökmünde filosofiýanyň ýaşamaga hem hukugy ýokdur” ylym öz – özüniň filosofiýasydyr” diýen düzgün pozitiwizmiň esasy ýörelgesidir.

Kontyň ideýalaryny soňra XIX – ХХ asyrlarda günbatar ýurtlarda ýaýran neopozitiwizm ýa-da logiki pozitiwizm akymynyň wekilleri ösdürdiler. Onuň görnükli wekili awstriýaly matematik we filosof Lýudwig Witgensteýn (1889-1951) “filosofiýa” sözi ylmyň aşagynda ýa-da üstünde duran nähilidir bir ruhy taglymat hökmünde kabul edilip bilner. Filosofiýanyň predmeti diňe bilimleri beýan etmegiňserişdesi bolan dili öwrenmek bolmalydyr diýip hasap edipdir.


Neopozitiwizmiň wekilleri ylym bilen filosofiýany biri-birine garşy goýup, ýeke-täk dogry bilimler diňe ýörite anyk ylmy pudaklaryň bilimleridir diýip, netije çykarypdyrlar.

Neopozitiwizmiň wekilleriniň tebigaty öwreniş we gumanitar ylymlaryň metodologiýa meselelerini işläp düzmekde belli bir hyzmatynyň hem bardygyny aýtmak gerek. Olar ylmy pikirlenmegiň simwoliki – nyşan serişdelerini öwrenmekde, ylmyň teoretiki esaslary bilen empiriki netijeleriniň mynasybeti barada, ylmyňmatematizasiýalaşmagynyň we formallaşmagynyňmazmunyny we wezipelerini analiz etmekde belli bir oňyn netijeleri gazandylar.

Metafiziki akym hökmünde neopozitiwizmiň çäklidigi dünýädäki ähliumumy baglanyşyklary äsgermezlik etmekden, filosofiýanyň predmetini diňe ylmyň dilini öwrenmäge syrykdyrmakdan, akyl ýetirişde emeli – simwoliki diliň we formal logikanyň roluny absalýutlaşdyrmakdan, diňe taýýar bilimleri, olaryň düzümini öwrenip, emma döreýiş we ösüştaryhyny äsgermezlik etmekden, şeýlelikde taryhylyk ýörelgesini inkär etmekden ybaratdyr.

Neopozitiwizmiňşu kemçiliklerini soňra XX asyryň 60-njy ýyllarynda dörän postpozitiwizm akymynyň wekilleri Popper, Kun, Lakatos, Feýerabend belli bir derejede ýeňip geçmäge çalyşdylar.

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dsc 0230 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: ÜÇÜNJI MÖWSÜMIŇ ÝEŇIJILERI MÄLIM BOLDY

window installation hero THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Montaž işleriň geçirilmegiň täleýnamasy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop