27032024theoreticalmechanics THE ASHGABAT TIMES

Nazary mehanika dersi boýunça talyplaryň III halkara açyk internet olimpiadasy

16.05.2024

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda Nazary mehanika dersi boýunça talyplaryň 3nji halkara açyk internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi. Bu bäsleşige 16 ýurduň 87 sany ýokary okuw mekdeplerinden 650 – den gowrak talyplar gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrda şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde geçirildi.

Şahsy bäsleşige 650-ä golaý talyp gatnaşyp, iň ýokary netijäni Moskwanyň fiziki tehniki institutynyň talyplary görkezdi. Olar toparlaýyn bäsleşikde hem sanawyň başyny çekdiler. Gatnaşyjylaryň sany boýunça birinjiligi eýelän (226 sany talyp) Hytaý halk respublikasynyň talyplary umumy orunlaryň sany boýunça hem birinjiligi öz adyna ýazdyrdy. Türkmenistanly talyplar bu bäsleşikde umumy gazanylan orunlaryň sany boýunça hytaýly talyplardan soň ikinji orny eýeledi.

Şahsy hem-de toparlaýyn bäsleşikde Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary gowy netijeleri görkezdi.

Ýeri gelende bellesek, bu bäsleşige şu ýyl dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda ilkinji ýüzlüge girmegi başaran abraýly ýokary okuw mekdepler gatnaşdy. Türkmenistanly talyplaryň olar bilen deň netije görkezmegi bolsa diýseň guwandyryjy wakadyr.

Sanjar AKMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
9a3beadcdab58bb51b9029b38883ff72 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Woleýbol boýunça milletler ligasy

620ff088f0b06900185e98a2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýädäki iň gysga uçuş aralyklary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop