Dark
Light
25.01.2026
scale 1200 3 THE ASHGABAT TIMES

Nebit we gazyň şepbeşikligi we dykyzlygy

17.05.2024

Nebitiň şepbeşikligi, esasan, onuň uglewodorod düzümine, ýylylygyna we içinde garylan gazyň mukdaryna baglydyr. Nebitiň şepbeşikligi gaty giň derejede üýtgeýär. Nebitiň içinde köp gaz siňdirilen bolsa, onuň şepbeşikligi hatda suwuňkydan hem bolup biler.

Köplenç nebitiň şepbeşikligi suwuňkydan has ýokary bolýar. Eger-de nebitiň şepbeşikligi ýokary bolsa (μn – 15 : 20 MPa çenli) ýataklardan nebitiň çykarylyşyny has kynlaşdyrýar. Kä halatlarda, nebiti çykarmak üçin gatlaga gyzgyn suw, bu goýbermeli bolýar. Her hal bolanda-da şepbeşikliginiň köpelmegi bilen gatlagyň nebit berijiligi peselýär, kä wagtlarda
10 – 15 % çenli peselýär.

Gatlakdaky suwuň şepbeşikligi, esasan, onuň gyzgynlygyna bagly bolýar we minerallary ýa-da gazy içinde saklamagynda üýtgäp durmaýar. Suwuň şepbeşikligi 0,5 : 20 MPa-s çenli üýtgeýär. 20° C gyzgynlykda suwuň şepbeşikligi 1 Pa-s.

Gatlagyň suwuklyklarynyň şepbeşikligi ýokary basyşly wiskozimetr ýa-da rotasion wiskozimetr bilen ölçenýär. Gatlakdaky we gazdan saplanan nebitleriň dykyzlyny köp halatda 700 – 1000 kg/m3 aralygynda üýtgeýär.

Orazmyrat TOÝLYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glawny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamy

e0662a83ff99627c9186d53f47b15bdb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Guýynyň geolog-geofiziki kesiginiň gurluşy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop