dsc 0230 scaled THE ASHGABAT TIMES

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: ÜÇÜNJI MÖWSÜMIŇ ÝEŇIJILERI MÄLIM BOLDY

08.05.2024

2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçirilýän III möwsüminiň final oýny geçirildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jepbarguly Hatamow dagy adalatly eminlik etdiler.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunyň netijeleri:

BAŞ BAÝRAK

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa;

I ORUN

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow;

II ORUN

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew; 

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa;

III ORUN

Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa; 

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowa; 

Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýew; 

Aşgabat şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Düwmejik» hususy kärhanasy, «Ak menzil» hususy kärhanasy, «Balşeker» hususy kärhanasy, «Röwşen» hususy kärhanasy, «Şerbetli Ak Gar» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.

dsc 0391 THE ASHGABAT TIMES
dsc 0068 2 edited scaled THE ASHGABAT TIMES

https://www.iirmfa.edu.tm

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:33 am, Jan 19, 2025
temperature icon 9°C
облачно с прояснениями
Humidity 57 %
Pressure 1017 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:14 pm
dsc 0296 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara Esse bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi

metaphysicsmeetscogsci 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Metafiziki metodologiýanyň häsiýetli alamatlary

Soňkylar Habar

Aşgabat owgan halkyna goldaw bermegini dowam eder

15.01.2025
Türkmenistan, bitarap döwlet hökmünde, Owganystanda parahatçylyga we raýat ylalaşygyna, ykdysady infrastruktura dikeltmäge we sosial meseleleri çözmäge gönükdirilen tagallalary goldaýar we bu ýurda kömek bermegini

Sanlaşdyrylan  ösüşler

13.01.2025
       Ýurdumyzda her ýyl ösüşler öz ornuny tapýar. Bu ýyl hem “Halkara Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” milli ykdysadyýetimiziň altyn hazynasy bolan nebit we gaz
GitTop