Dark
Light
24.01.2026
programmirleme dilleri optimized THE ASHGABAT TIMES

Programmalaşdyrmagyň dilleri we esasy düşünjeler

29.05.2024

Programmalaşdyrmagyň dili bu çözülýän meseleleriň algoritmini kompýutere geçirmäge mümkinçilik berýän programmalaryň toplumydyr. Adamlaryň gepleşik diliniň düzgünleriniň bolşy ýaly, programmalaşdyrmagyň diliniň hem öz grammatikasy, sintaksisi hem-de öz düzümi bardyr.

Adatça, programmalaşdyrmagyň dili döredilende esasy öňde goýulýan maksat aňsat pikirlenmäni amala aşyrmakdyr. Programmalaşdyrmagyň obýektlere gönükdirilen dilleri bu maksada niýetlenendir. Goýlan me-seläni çözmegiň özi bu meselä degişli dünýäniň beýanyny özünde saklaýar. Şonuň üçin, hakykaty biri-biri bilen baglanyşykly obýektleriň ul-gamlary hökmünde göz öňüne getirmek tebigydyr. Obýektler, köplenç, abstrakt görnüşde bolsa-da, olary häsiýetler toplumy boýunça tanamak aňsatdyr. Häzirki döwürde esasy programmalaşdyrmagyň obýektlere gönükdirilen dillerinden Delphi, Visual C, Visual Basic, Java (türk-mençe Delfi, Wižual Si, Wižual Beýsik, Ýawa diýlip okalýar) ýalylaryň giňden ulanylýandyklaryny belläp geçmek bolar.

Permanberdi JEPBARBERDIÝEW
Türkmenistanyň Inžener-teniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1000 f 82893316 0ls6huskyqujdmubrpu0p1sb1hr7mbmd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

EHM-leriň periferiýa gurluşlary

93bed83d4da8bd60cabf187dc288296f THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kontakt kebşirlemesi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop