Dark
Light
03.01.2026
1 THE ASHGABAT TIMES

Pyragy sözüniň manysy

02.05.2024

Hezreti Magtymguly atamyz dini ylymlary çuňňur öwrenmek üçin Owganystana, Hindistana, Özbegistana, Hywa, Buhara we başga–da birnäçe ýurtlara gidip köp ylymlar alýar.

Hakdan içen Aryf  Magtymguly atamyz keramatly Pir bolup şerigat hem tarykat ylmyndan uly paý alyp özüniň ýiti eserlerini halklara ýaýyp Gündogar edebiýatynyň göwher gaşy bolup ýalkym saçýar. Özüniň syrly setirleri bilen Gündogary öwreniji alymlaryň, halklaryň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Halklaryň kalbynda uly orna eýe bolupdyr. Magtymguly Pyragy hemme ylymlardan paýly bolşy ýaly şygyr düzmek ylmynada örän ezber bolupdyr. Ähli hikmetli gepleri we Aýat, Hadyslaryň manylaryny öz ene dilimiz türkmen dilinde şygyra geçirip, şygyryň üsti bilen halka ýetiripdir.

Kelamda gördügüm sözlär tillerim,
Bu sözümde bardyr Hadys hem Aýat,
Magtymgulynyň aýtgany Hak Mustafanyň diýgeni,
Bir zerre ýokdur ýalany

diýen setirlerine ser salsak, hakykatdan hem akyldar Pyragy Aýat, Hadyslaryň manylaryny öz ene dilimiz türkmen dilinde şygyra geçirip, şygyryň üsti bilen halklara ýetirendigine güwä bolýar.

“Şirin gazal donun biçdim ýaranlar” diýip aýdyşy ýaly şirin gazal donun biçen akyldardyr. Şygyrýet äleminiň ussadydyr. Hezreti Magtymguly atamyzyň düzen eserleri tükeniksiz kändir. Halklaryň arasynda dana Pyragynyň köp golýazma kitaplary Etrek derýasynyň siline gidip ýitipdir. Halklaryň arasynda eger – de Magtymgulynyň hemme ýazan kitaplary bize gowuşan bolsa onda bir düýä ýük bolmaly diýen ýörgünli gürrüňem bar. Akyldar Pyragy goşgularyny sile aldyranlygyny käbir goşgy setirlerinde beýan edýär.

Gaýgy – gamda eziz ömrüm solduryp,
Şum pelek azabym reýgan eýledi.
Ýazan kitaplarym sile aldyryp,
Gözlerim yzynda girýan eýledi.

Şum pelek bi rehim maňa bildirdi,
Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy,
Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy Jeýhun derýa eýledi.

Magtymguly Pyragy Aryf bolan atanyň elinde ulalyp, Yslam mekdebinde terbiýelenip, Sopyçylyk ýolunda kemala ýetýär. Gysgaça aýdylanda Magtymguly atamyz Alymy we Weli bolup beýik Biribaryň yşgyna düşen aşyk bendedir.

Pyragy Hezreti Magtymguly atamyzyň lakamydyr. Pyrag – diýmek, aýralyk, aýra düşmek, jyda düşmek diýmekdir. Akyldar Pyragy Käbesi bolan enesinden, Kyblasy bolan atasyndan, ýan–ýoldaşyndan, göz guwnjy bolan perzentlerinden aýra düşüp aýralyk hasratyna ulaşan soň özüne Pyagy lakamyny goýýar. Akyldar özüniň mübärek setirinde:

Magtymguly adyň döndi pyraga,
Pyrag bolup çek özüňni gyraga,
Gan edipdir pelek bagrym pyrakda,
Näler çekdim derdi pyrag.

diýmek, bilen özüniň gaýgy hasrata ulaşandygyny, aýralyk oduna tutaşandygyny, nygtap geçýär.

Şyhberdi Şyhberdiýew
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

london skyline 125508655 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat ― London ― Aşgabat uçuşy hepdede iki gezege çykaryldy

1 1712645927 1714568330 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Dünýäde Parahatçylygy we Howpsuzlygy Gorap Saklamakda Halkara Ynsanperwer Hukugynyň Ähmiýeti” atly halkara düzme bäsleşiginiň netijeleri

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop