Dark
Light
09.01.2026
water drop THE ASHGABAT TIMES

SUW ÝAŞAÝYŞYŇ ÇEŞMESIDIR !

20.05.2024

Suw  (hidrogen oksidi) — binar organiki däl birleşmehimiki formulasy Н2O. Suwuň molekulasy öz aralarynda kowalent baglanyşyk bilen birleşýän iki sany hidrogen we bir sany kislorod atomyndan ybaratdyr. Ol adaty şertlerde dury suwuklyk bolup durýar, onuň reňki (kiçi göwrümde), ysy we tagamy bolmaýar. Onuň gaty ýagdaýy buzgar ýa-da gyraw diýlip, gaz görnüşli ýagdaýy bolsa, suw bugy diýlip atlandyrylýar. Suw suwuk kristal görnüşinde hem bolup bilýär (gidrofil ýerlerde) Ýer ýüzüniň 71 %-ini (361,13 mln km2) suw (okeanlardeňizlerköllerderýalar, buzlar) gaplap alýar. Ýerdäki suwuň takmynan 96,5 %-i okeanlarda ýerleşýär, dünýädäki suw zapasynyň 1,7 %-ini ýerasty suwlar, ýene 1,7 % ini Antarktidanyň we Grenlandiýanyň buzluklary we buzly örtükleri, uly bolmadyk bölegini derýalardaky, köllerdäki we batgalyklardaky suwlar we 0,001 %-ini bulutlardaky suwlar emele getirýär. Ýerdäki suwlaryň uly bölegi şor bolmak bilen, ol oba hojalygy we agyz suwy üçin ýaramsyzdyr. Süýji suwuň paýy 2,5 % çemesi bolup, onuň hem 98,8 %-i buzluklarda we ýerasty suwlarda ýerleşýär. Tutuş süýji suwuň 0,3 %-e golaýy derýalarda, köllerde we atmosferada saklanýar, ondan hem az bölegi (0,003 %) bolsa, janly organizmlerde ýerleşýär.

Ol oňat güýçli polýar erediji bolup durýar. Tebigy şertlerde hemişe özünde erän maddalary (duzlargazlar) saklaýar.

Suw Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň döremeginde we dowam etdirilmeginde, janly organizmleriň himiki gurluşynda, klimatyň we howanyň formirlenmeginde uly ähmiýete eýedir. Ol Ýer planetasynda ähli janly jandarlar üçin iň möhüm madda bolup durýar.

Suw – ýaşaýan planetamyzda iň köp ýaýran organiki däl birleşme bolup, tebigatda suwuk, gaty, gaz halynda saklanýar. Suw ähli ýaşaýyş hadysalarynyň esasydyr, fotosintez hadysasynda kislorodyň ýeke-täk çeşmesidir. Suw diňe bir suw toplumlarynda däl-de, howanyň we topragyň, ähli janly-jandarlaryň düzüminde, umuman, biosferanyň ähli çäklerinde saklanýar. Janly organizmler özleriniň biomassasynda 80-90%-e çenli suwy saklaýar we onuň 10-20%-iniň ýitirilmegi ölüm howpuny abandyrýar.

Tebigy ýagdaýda suw hiç haçan goşyndysyz bolmaýar. Onda ergin halynda dürli gazlar we duzlar, gaýmalaşýan gaty bölejikler saklanýar. 1 litr süýji suwuň düzüminde 1 grama çenli duzlar bolýar.

Ýaşaýan planetamyzdaky ähli suwlaryň köp bölegi okeanlarda we deňizlerde jemlenendir. Süýji suwlaryň köp bölegi (85%) bolsa, polýar zonanyň we daglaryň buzluklarynda saklanýar. Tebigatda süýji suwuň emele gelmegi kiçi we uly suw aýlanyşygynyň netijesinde bolýar.

Ýerde ýaşaýşyň ýüze çykmagy bilen tebigatda suwuň aýlanyşygy hem çylşyrymly häsiýete geçýär. Çünki, fiziki bugarmaklygyň (suwuň buga öwrülmeginiň) ýönekeý hadysasyna janly organizmleriň ýaşaýyş işjeňligi bilen bagly bolan çylşyrymly hadysalar hem goşuldy. Suwuň aýlanyşygynda adamynyň hojalyk işjeňliginiň täsiri has-da uly ähmiýete eýe boldy.

Soltangül SAPARGAZAKOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

792fbc1cd9527f3d52df3b3bf2540561 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÝAŇLANANDA – DARAK SESI

646f0f87ad94c THE ASHGABAT TIMES
Next Story

OLIMPIÝA OÝUNLARY PARIŽE NÄÇE MILLIARD GIRDEJI GETIRER?

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
GitTop